Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen 2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi döredildi.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi Düzgünnamasynyň esasynda üstüne ýüklenen wezipelere laýyklykda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär, ýurtda alnyp barylýan gurluşyklar we ykdysadyýetiň beýleki pudaklary üçin zerur bolan senagat we gurluşyk önümlerini öndürýär.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň düzüm gurluşy 6 sany müdirlikden we 8 sany bölümden ybaratdyr. Ministrligiň ýörite «Türkmenistanyň senagaty» žurnaly bolup, ol her çärýekde bir sapar türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilýär.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Watanymyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän jemi 27 sany önümçilik kärhanalary bar. Olar şu aşakdakylardan ybaratdyr: «Bäherden» sement zawody, «Balkan» sement zawody, «Lebap» sement zawody, Gökdepe kän müdirligi, Kaka kän müdirligi, Balkan kän müdirligi, Köýtendag kän müdirligi, Bereket kän hojalygy, Galaýmor kän hojalygy, Aşgabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasy, Büzmeýin etrabyndaky «Demirbetonönümleri» kärhanasy, Daşoguz şäheriniň «Demirbetonönümleri» zawody, Mary «Demirbetonönümleri» kärhanasy, Türkmenabat şäheriniň «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasy, Türkmenabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasy, Ýaşlyk keramzit zawody, Gazbeton öndürýän zawod, «Nebitmaş» döwlet kärhanasy, «Polimer önümleri» zawody, Demir mehaniki kärhanasy, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy, «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy, «Zarba» ýöriteleşdirilen döwlet kärhanasy, Gurulýan desgalaryň direksiýasy, «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Senagattaslama» taslama instituty we «Senagatçy» myhmanhanasy.

Ministrligiň garamagyndaky edara-kärhanalar tarapyndan sement, magdan däl materiallar, demir, polimer önümleri, aýna we aýna önümleri, gurnama demirbeton we iri panelli jaý gurluşyk önümleri, elektron we maşyngurluşyk enjamlary, diwara örtülýän materiallar, keramzit, kaolin, gips, gazbeton we izogan önümleri hem-de beýleki senagat we gurluşyk materiallary öndürilýär.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistany senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmak baradaky öňdengörüjilikli syýasatyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçili ministrligi tarapyndan döwrebap tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen senagat kärhanalaryny doly güýjünde işledip, innowasion häsiýete eýe bolan ýokary hilli gurluşyk materiallaryny we önümleri öndürmek, täze döwrebap senagat kärhanalary gurmak we ozalky bar bolan kärhanalarda düýpli abatlaýyş işlerini geçirip, olary häzirki zaman tehnikalary bilen enjamlaşdyrmak, ýerli çig mallaryň hasabyna bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa täze senagat önümlerini öndürmek, gaýtadan işleýän senagat önümçiligini innowasion esasda ýola goýmak wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli zerur bolan işler alnyp barylýar.

+
-