Aşgabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasy
Aşgabat şäheriniň "Demirbetonönümleri" kärhanasy 1975-nji ýylda gurlup ulanylmaga berildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 28-nji sentýabryndaky kararyna laýyklykda kärhananyň durky täzelenip, onuň ýyllyk taslama kuwwatlylygy 121 müň 340 kub metre ýetirildi. Kärhanada ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk-gurnama işleri üçin niýetlenen 148U seriýaly iri panelli demirbeton önümleri, dürli markaly harytlyk beton we kislorod öndürilýär. Kärhanada öndürilýän iri panelli gurnama demirbeton önümlerinden Aşgabat şäheriniň çäginde we welaýatlarda raýatlar üçin 1, 2 we 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy hem alnyp barylýar.
Hukuk salgysy:
Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etraby.
Telefon belgisi:
(+993 12) 76-15-78
(+993 12) 76-16-23
Faks:
(+993 12) 76-09-51