Gazbeton öndürýän zawody

Gazbeton öndürýän zawody 2010-njy ýylyň oktýabr aýynyň 13-ne açylyp ulanmaga berildi. Zawodyň ýyllyk taslama kuwwatlylygy 144 müň m³ gazbeton bloklaryna barabardyr. Gazbetondan bloklary gurluşyk materialy bolup, özüniň berkligi, uzak ömürliligi, daşky gurşawyň täsirlerine çydamlylygy, ýangyna bolan howpsuzlygy, aňsatlyk bilen örülmegi we işlenilmegi, jaýlaryň islendik timarlaýyş işleri üçin amatlylygy, şeýle hem ýapyk öýjükli bolandygy sebäpli yzgara ýokary derejeli durnuklylygy bilen tapawutlanýar.

Gazbeton önümleriniň ýokary ýylylyk we ses saklaýjylyk ýaly aýratynlyklary, ýapyk öýjükli bolmagy bolsa olaryň seýsmiki taýdan durnuklylygyny we howpsuzlygyny üpjün edýär we jaýlaryň agramynyň belli bir derejede azalmagyna, gurluşygyň möhletleriniň has-da gysgalmagyna uly mümkinçilik berýär.

Gazbetondan diwar materiallary adaty betondan we keramzitbetondan taýýarlanan diwar materiallaryndan hem-de keramiki kerpiçden ýokarda görkezilen häsiýetleri we ýeňilligi boýunça 6-7 esse ýokary bolup, gyş aýlarynda jaýlaryň içinde ýylylygyň we şol bir wagtyň özünde tomusyň yssy günlerinde salkynlygyň hem ygtybarly saklanylmagyna ýardam edýär.

Hukuk salgysy:

Ahal welaýatynyň Gökdepe etraby.

Telefon belgisi:

(+993 12) 52-23-57

Faks:

(+993 12) 52-23-57