«Senagattaslama» taslama instituty

«Senagattaslama» taslama instituty, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2001-nji ýylyň 16-njy ýanwaryndaky PP-3327 Karary, 2001-nji ýylyň 26-njy fewralyndaky №5103 çözgüdi hem-de Türkmenistanyň Gurluşyk we Gurluşyk materiallary senagaty ministrliginiň 2001-nji ýylyň 01-nji martyndaky 13-a-P buýrygy esasynda döredildi we şu günki güne çenli öz işini dowam edip gelýär.

Institutyň gurluş-düzümi
I.Bölüm-Ýolbaşçy-dolandyryjy işgärler
II.Bölüm-Önümçilik işgärleri:
1. Gurluşyk materiallarynyň tehnologiýasy bölümi:
- Barlaghana;
- Gurluşyk materiallarynyň tehnologiýasy topary;
- Kadalar we ölçegler topary;
- Ylmy-tehniki we kadalaşdyryş resminamalar işleriniň topary;
2. Gözleg we dag işleriniň taslamalaşdyryş bölümi:
- Geodeziki gözleg, topografiki we markşeýder ölçegler topary;
- Dag işleriniň taslamalaşdyryş we meýilleşdiriş topary;
3. Toplumlaýyn-taslamalaşdyryş bölümi:
III. Bölüm- Administratiw hojalyk bölümi.
Institutyň alyp barýan işleriniň görnüşleri:

Gurluşyk materiallarynyň tehnologiýasy bölüminiň ýerine ýetirýän işleri barada
Maglumat

Täze gurulýan we döwrebaplaşdyrylýan senagat kärhanalarynyň tehnologiki reglamentlerini, tehnologiki kartalaryny işläp düzýär. Öndürilýän önümleriň we çig mallaryň tehniki şertlerini, kärhana standartlaryny, döwlet standartlaryny işläp düzýär. Türkmenistanyň ýerli çig mallaryndan täze önümleri öndürmegiň tehnologiýasyny işläp düzmek boýunça ylmy-gözlegleri geçirýär. Gurluşyk materiallarynyň fiziki-mehaniki häsiýetleriniň synaglary barlaghanada geçirýär. Senagat kärhanalarynda önümleri öndürmek üçin sarp edilýän materiallaryň, energiýa serişdeleriniň harçlanyş kadalaryny işläp düzýär. Önümçilikde emele gelýän aradan aýyrmasy kyn ýitgileriň, çig malyň we öndürilen önümleriň tebigy ýitgileriniň kadalaryny işläp düzýär. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi tarapyndan gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilikleriň tehniki ýumuşlaryny işläp düzmeklige gatnaşýar. Türkmenistanyň ylmy-barlag, taslama institutlary, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy, Türkmenistanyň döwlet we dürli eýeçilikdäki edara kärhanalary we telekeçileri tarapyndan işlenip taýýarlanylan tehniki şertlere, usuly gollanmalara, kärhana standartlaryna we beýleki kadalaşdyryjy, gözükdiriji resminamalara seljerme berýär.

I.2 Gurluşyk materiallarynyň tehnologiýasy bölüminiň Ylmy-tehniki we kadalaşdyryş resminamalar topary

Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny işläp taýýarlaýar we döwrebaplaşdyrýar. Täze guruljak we döwrebaplaşdyrylýan kärhanalary gurmaklygyň tehniki ýumuşlaryny işläp taýýarlaýar. Täze guruljak we döwrebaplaşdyrylýan kärhanalary gurmaklygyň tehniki-ykdysady esaslandyrmalaryny, biznes planlaryny işläp taýýarlaýarlar. Öndürilýän önümleriň we çig mallaryň tehniki şertlerini, kärhana standartlaryny, döwlet standartlaryny, usuly gollanmalary we gözükdirijileri işläp taýýarlaýar. Türkmenistanyň ýerli çig mallaryndan täze önümleri öndürmegiň tehnologiýasy we täze önümçilikleri döretmek boýunça teklipler taýýarlaýar. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine gelip gowşan täze önümçilikleri döretmek we hereket edýänlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça bäsleşik tekliplerine seljermeleri berýär. Önümçiligiň toplumlaýyn barlagyny geçirýär, alnan netijeler boýunça önümçiligiň tehnologiýasyny kämilleşdirmek boýunça teklipler (öndürilýän önümiň möçberini artdyrmak, özüne düşýän gymmatyny azaltmak, önümiň hilini gowulaşdyrmak, ekologiýany gowulaşdyrmak, harçlanýan çig-malyň we materiallaryň mukdaryny azaltmak we başgalar) bermek.

I.2 Gurluşyk materiallarynyň tehnologiýasy bölüminiň Gurluşyk materiallarynyň tehnologiýasy topary

Täze gurulýan, döwrebaplaşdyrylýan we hereket edýän senagat kärhanalarynyň önümçilikleriniň hem-de desgalarynyň tehnologiki reglamentlerini, tehnologiki kartalaryny işläp düzýär. Gözükdürijileri, kärhana standartlaryny işläp taýýarlamaga gatnaşýar. Kärhanalaryň önümçilikleriniň we desgalarynyň kuwwatlyklaryny kesgitlemek boýunça geçirilýän işlere gatnaşýar. Senagat kärhanalarynyň önümçilikleriniň kuwwatlyklarynynyň hasaplamalaryny geçirýärler.

I.3 Gurluşyk materiallarynyň tehnologiýasy bölüminiň Kadalar we ölçegler topary

Senagat kärhanalarynda önümleri öndürmek üçin sarp edilýän materiallaryň, energiýa serişdeleriniň harçlanyş kadalaryny işläp düzýär. Önümçilikde emele gelýän aradan aýyrmasy kyn ýitgileriň, çig malyň we öndürilen önümleriň tebigy ýitgileriniň kadalaryny işläp düzýär. Öndürilen önümleriň, harytlaryň 1 sany birligine ( 1p.m, 1m2, 1m3, 1 sanysyna we beýlekilere) sarp bolan materiallaryň, çig malyň harçlanyş kadalaryny hereket edýän kadalaşdyryjy resminamalaryň, önümçiligiň tehnologiki reglamentiniň, geçirilen ölçegleri netijesinde işläp taýýarlaýar.

I.4 Gurluşyk materiallarynyň tehnologiýasy bölüminiň gurluşyk materiallarynyň fiziki-himiki, mehaniki usullarda barlagyny geçirýän barlaghanasy

Gurluşyk materiallarynyň synaglaryny geçirmek üçin “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan attestasiýadan (hünär synagyndan) geçirlendir. Barlaghananyň akredatsiýa çägine laýyklykda aşakdaky gurluşyk materiallarynyň we önümleriniň fiziki-himiki, mehaniki synaglaryny ýerine ýetirýär: betonlar (öýjükli, agyr, ýeňil, keramzitbeton we başgalar); beton diwarlyk daşlar; gurluşyk işleri üçin çäge; daş owuntygy we çagyl; diwarlyk materiallar (keramiki kerpiç, we silikat daşlar); gipsli berkidijiler; gurluşyk heki; tebigy daşdan örtgi plitalary; toýun çig maly; kaolin baýlaşdyrylan keramiki önümler; ýanýodalar üçin beton plitalary; betondan ýol ýaka daşlar; keramiki plitkalar; ýylylyk izolýasiýaly penopolistirol plitalar; ýol asfaltobeton garyndylary, aerodromly we asfaltobeton; gidroizolirleýji we örtgi toply materiallar; bitum emulsion pasta we mastika; kwars çägesi . Institutyň barlaghanasy ýokardaky synaglardan başga çagyl daşlary owradyjylarda dürli fraksiýalar boýunça çykymlaryny hasaplap berýär we barlaghana synaglarynyň netijesinde beton garyndylary taýýarlamagyň resepturasyny we sarp bolýan çig-mallaryň harçlanyş kadalaryny işläp düzýär. Institutyň barlaghanasynyň fiziki-mehaniki synaglary geçirmek üçin zerur bolan mufel peçleri, guradyjy şkaflary, owradyjylar, degirmen, garyşdyryjy, tereziler, eleýjiler, termostatlar, basyjylar, elektroplitalar, buglaýjy kameralar, ultrases beton testeri, üzüji maşynlar ýaly enjamlary bar.

Gözleg we dag işleriniň taslamalaşdyryş bölüminiň ýerine ýetirýän işleri barada
Maglumat

  1. 1. Gurluşyga we senagata degişli inžener-geodeziýa gözleg işleri;

  2. 2. Topografiki (toposýomka-şekillendiriş);

  3. 3. Markşeýderçilik;

  4. 4. Inženerçilik-geodezik agtaryşlary;

  5. 5. Geodeziki, şol sanda taslamany ýüze ((natura) çykarmak ýerinde bellemek, gazyklaryny kakyp bermek);

  6. 6. Känlerde we ýerasty baýlyklaryň ýataklarynda dag işleriniň taslamalaryny düzmek;

  7. 7. Dag işleriniň tehnologiýasyny dogry alyp barmak we taýar önümleriniň hasabyny dogry ýöretmek üçin markşeýder ölçeg işleri we göwrümlerini hasaplamak;

  8. 8. Dag işleriniň ösüşini ýyllyk meýilnamasynyň taslamasyny düzmek;

  9. 9. Dag- magdan işleri geçirmek üçin ýer bölüp bermek- dag parçasynyň taslamasyny düzmek;

  10. 10. Dag işleriniň tehniki-iş taslamasyny düzmek;

  11. 11. Bozulan ýerleriň durkuny kada getirmek (rekultiwasiýa) işleriň taslamasyny düzmek;

  12. 12. Senagat-tejribe özleşdirmegiň taslamasyny düzmek.

Toplumlaýyn taslamalaşdyryş bölüminiň ýerine ýetirýän işleri barada
Maglumat

  1. 1. Ýaşalýan we ýaşalmaýan binalary we desgalary gurmak boýunça taslama işleri;

  2. 2. Ýaşaýyş we edara binalarynyň 1-12, 13-25 we ondan hem köp gatly binalaryň we desgalaryň taslama işlerini ýerine ýetirmek;

  3. 3. Aýry-aýry bölümler boýunça taslama işleri ýerine ýetirmek;

  4. 4. Taslama resminamalaryny işläp düzmek;

  5. 5. Arhitektura, gurnama, smeta, inženerçilik ulgamy, gurluşyk-gurnama we beýlekiler;

  6. 6. Taslamany alyp barmak ugurlarynda maslahatlar bermek;

  7. 7. Inženerçilik ulgamynyň taslamasyny düzmek;

  8. 8. Şähergurluşyk taslama resminamalaryny işläp taýýarlamak;

  9. 9. Ilatly nokatlaryň we çäkleriň inženerçilik ulgamynyň shemasyny işläp taýýarlamak;

  10. 10. Landşaft taslamalaryny ýerine ýetirmek.

  11. 11 .Gurluşygyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny işläp düzmek.

  12. 12. Düýpli abatlaýyş işleriniň ýerine ýetirilmegi boýunça taslama resminamalaryny işläp düzmek.

  13. 13. Ýöriteleşdirilen işleri ýerine ýetirmek boýunça taslama resminamalaryny işläp düzmek.

  14. 14. Ýeňilleşdirilen taslama işläp düzmek.

  15. 15. Dizaýn interýer, eksterýer işlerini işläp düzmek.

Hukuk salgysy:

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Aga Berdiýew köçesiniň 161-nji jaýy.

Telefon belgisi:

(+993 12) 23-18-15
(+993 12) 23-16-32

Faks:

(+993 12) 23-18-16

Elektron poçta:

admin@senagattaslama.gov.tm