Demir mehaniki kärhanasy

Demir mehaniki kärhanasy 1992-nji ýylyň 5-nji maýynda işe goýberildi. Kärhanada elektrik geçiriji liniýalaryň sütünleriniň 20-den gowrak görnüşleriniň, sygymlylygy 60 kub metre çenli bolan çelekleriň we dürli görnüşli metal gurnawlaryň önümçilgi ýola goýulan. Kärhana galyňlygy 40 millimetre çenli bolan polat listi epmek we uly ölçeglerdäki metallary mehaniki usulda işläp bejermek üçin enjamlar toplumy bilen enjamlaşdyrylan. Guýma meýdany işe girizilenden soňra sorujylaryň we olaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň önümçiligi ýola goýuldy. Kärhananyň agramy 3 tonna çenli bolan çoýun guýma önümlerini, şeýle hem reňkli metallaryň guýma önümlerini öndürmäge mümkinçiligi bar.

Hukuk salgysy:

Mary welaýatynyň Mary etraby.

Telefon belgisi:

(+993 522) 1-44-22

Faks:

(+993 522) 1-44-10