«Türkmen aýna önümleri» kärhanasy
«Türkmen aýna önümleri» kärhanasy Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe obasynda guruldy we 2018-nji ýylyň 14-nji fewralynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanyşa girizildi. Bu kärhananyň ýyllyk taslama kuwwatlylygy 7 million 200 müň m² şertli gurluşyk aýnasy we 14 müň 400 tonna çüýşe gaplary bolup durýar.
Öndürilýän aýna listiniň galyňlygy 3 mm-den 12 mm çenli. Şeýle hem aýnany gaýtadan işleýän sehde sarp edijileriň buýurmasy boýunça reňklenen, laminirlenen, taplanan (berkleşdirilen) we beýleki aýna önümleri öndürilýär.
Dürli galyňlykdaky düz aýnalar
Dürli ölçeglerdäki gaplyk çüýşeler
Hukuk salgysy:
Ahal welaýatynyň Gökdepe etraby.
Telefon belgisi:
(+993 12) 52-24-44
Faks:
(+993 12) 52-24-43