Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden Ygtyýarnama almak üçin zerur bolan resminamalaryň
Sanawy
- Sanawda görkezilenler zerur we hökmanydyr, doly toplanmadyk resminamalar SEREDILMEÝÄR. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň adyna ugradyş hat.
- Ygtyýarnama bermek barada arza aşakdakylary görkezmek bilen: edara görnüşli tarapyň ady, guramaçylyk – hukuk görnüşi, ýerleşýän ýeri, bankynyň ady, we bankdaky hasaplaşyk hasaby, statistiki we salgyt kodlary; Amala aşyrjak işleriniň görnüşleri (we olaryň kodlary).
- Önümçilik bilen meşgul bolýan işgärler gurluşy we inžener-tehniki işgärleriniň hünär derejesi barada maglumat (F-1), (Önümçilikde tehnologyň bolmagy hökman – ýokary bilimli, raýat gurluşygy taslamasy (PGT) ýa-da önümçiligiň tehnalogiýasy hünäri boýunça). Inžener-tehniki işgärleriň diplomlarynyň (Kepillendiriş edaralary tarapyndan kepillendirilen) we zähmet depderçeleriniň (kärhana tarapyndan kepillendirilen) nusgalaryny goşmaly.
- Önümçilikdäki işçi düzüminiň gurnawy we olaryň hünär derejeleri barada maglumat (F-2), zähmet şertnamalarynyň, kebşirleýjileriň we elektrikleriň şahadatnamalarynyň, kärhananyň tassyklanan ştat birliginiň nusgalaryny goşmak bilen.
- Kärhananyň eýeçiliginde ýa-da beýleki kanun esasynda bar bolan önümçilik bazasynyň ýerleşýän ýeri (Sehiň anyk salgysy), binalar, jaýlar barada maglumat (F-3), Eýeçiligi tassyklaýan resminamalaryň nusgalaryny goşmaly.
- Eýeçiliginde bolan tehnika, enjamlar, kiçi mehanizasiýa serişdeleri barada maglumat (F-4), Eýeçiligi tassyklaýan resminamalaryň nusgalaryny goşmaly.
- Tehnologik üpjünçilik barada, gurallar, emläkler, şahsy gorag serişdeleri (kaskalar, howpsuzlyk guklar, gorag äýnekleri, ellikler we ş.m.) barada kepilnama (F-5).
- Gözegçilik-ölçeýji enjamlar (dereje ölçeýjiler, ruletkalar, metrler, tereziler we ş.m.) barada kepilnama (F-6), TDS-nyň ölçeg serişdeleriniň döwlet barlagy barada şahadatnamasynyň nusgasyny goşmaly.
- Öndürilýän senagat gurluşyk materiýallarynyň, önümleriniň we konstruksiýalarynyň sanawy (F-7).
- Enjamlaryň ýerleşýän ýeriniň tehnologik kartasy (hökman goşmaly): (ýangyn howpsuzlygy gullugy, döwlet energo gözegçilik edarasy we arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy tarapyndan tassyklanan. Bu gulluklaryň beren kepilnama-netijenamasynyň nusgasyny bermeli), önümçiligiň ekologiýa pasportynyň nusgasy;
- Öndürilýän önümiň ýeňilleşdirilen taslamasy we tehnalogik reglamenti (Senagattaslama instituty tarapyndan işlenen we tassyklanan. Aşgabat ş. Ýerewan köç. 161-nji jaýynda ýerleşýär, Tel: 23-15-68).
- TDS tarapyndan berlen önümiň hili baradaky Sertifikat.
- Işiň ygytýarlandyrylýan görnüşiniň düzüminde görkezilen işleri öndürmek üçin TDS tarapyndan synagdan geçirilen laboratoriýanyň hökman bolmagy. “Türkmendöwletstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan berlen zähmet howpsuzlygy barada sertifikatyň nusgasy, ýer çäginiň bölünip berlenligi (karýer hojalygyna) barada maglumat, markşeýder suratlary.
- Öndürilýän gurluşyk materiýallarynyň, önümleriniň we konstruksiýalarynyň hilini barlaýan laboratoriýa barada maglumat.
- Tertipnamanyň ýa-da Düzgünnamanyň, döwlet tarapyndan hasaba almak hem-de Türkmenistanyň edara görnüşli taraplarynyň ýeke-täk döwlet sanawyna girizmek baradaky şahadatnamanyň we Türkmenistanyň edara görnüşli taraplarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmeleriň Kepillendiriş edarasy (Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrligi) tarapyndan kepillendirilen nusgalary.
- Edara görnüşli tarapy hasaba goýmak barada salgyt edarasynyň kepilnamasy.
- Resminamalar diňe türkmen dilinde, deşilip, gaty papka (Alba papka) çatylyp birikdirilen görnüşinde kabul edilýär. Resminamalar faýllarda (sellofan papkalarda) kabul edilmeýär, Ygtyýarnamanyň resminamalary tabşyrylanda şahsyýetini tassyklaýan (Ynanç hatly) işgärden kabul edilýär.
№ |
Kody: |
Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda ygtyýarlylandyrylýan işiň kiçi görnüşi |
1 |
08.11.00
|
Bezeg we gurluşyk daşlaryny: hek, gips, mel, gatlakly toýun gazyp almak. Diňe: açyk usul bilen ýonulan we kesilen bezeg we gurluşuk daşlaryny karýerlerden işläp çykarmak: daşlary döwmek we ownatmak. |
2 |
08.11.20 |
Hek daşyny we gips gazyp almak |
3 |
08.12.10 |
Çagyl daşlaryny we çäge gazyp almak |
4 |
23.11.00
|
List aýnalary öndürmek Diňe: gurluşyk maksatly list aýnalary, şol sanda armirlenen, reňklenen we ýagtylandyrylan list aýnalary öndürmek. |
5 |
23.12.00
|
List aýnalary täzeden işlemek we oňa forma bermek Diňe: bişip berkeşen we köpgatlakly list aýnalary öndürmek; ýüz görülýän aýnalary öndürmek; köpgatlakly aýna izolýatorlary öndürmek; urga garşy izolýasion aýna öndürmek. |
6 |
23.13.00
|
Içi boş aýna önümlerini öndürmek Diňe: aýnadan çüýşe önümlerini öndürmek. |
7 |
23.61.00
|
Gurluşykda ulanmak üçin betondan önümleri öndürmek Diňe: betondan plitalary, panelleri, sementden gurluşyk konstruksiýalar toplumyny öndürmek. |
8 |
24.44.00
|
Mis önümçiligi Diňe mis galydylardan we döwük-ýenjiginden mis öndürmek; misden splaw öndürmek; misden steržen, sim, ereýän predohraniteller üçin plastinka öndürmek; misden sozmak, süýndürmek usuly bilen sim öndürmek |
9 |
24.52.00 |
Polat guýmak Diňe: polatdan ýarymfabrikatlary guýmak; polatdan guýma önümleri guýup ýasamak; sepsiz turba we turba önümlerini merkezden akdyrmak usul bilen guýup öndürmek. |
10 |
38.32.00
|
Ikinji derejeli çig mal almak üçin galyndylary sortlamak we gaýtadan işlemek Diňe: ikinji derejeli çig mal almak maksady bilen metal we galyndylaryny täzeden işlemek, göwrümini kiçeltmek maksady bilen metal galyndylaryny preslemek; |
Habarlaşmak üçin: 39-00-41, 39-00-60. Faks 39-00-81