Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan açyk görnüşli halkara bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň 2024-nji ýylyň 18-nji ýanwaryndaky sanynda Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde ses we ýylylyk saklaýjy materiallary (matlar we plitalar), şeýle hem üznüksiz süýümi öndürýän zawody gurmagyň gurluşyk taslamasy üçin tehniki-ykdysady esaslandyrmany işläp taýýarlamak boýunça açyk görnüşli halkara bäsleşigi yglan edildi. 

Bäsleşige teklipler şu bildirişiň «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilen gününden 30 (otuz) iş gününiň dowamynda aşakdaky salgyda kabul edilýär:

Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 132-nji jaý, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirligi.

Ýokarda kesgitlenen möhletinden gijä galnyp gowşan teklipler kabul edilmeýär we olara seredilmeýär. 

Goşmaça maglumatlary almak üçin telefon belgileri:                    

(+993 12) 39-00-33/17/21.