Dünýä uzaýan ýollar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda we yzygiderli alyp barýan döredijilikli, parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde Bitarap Türkmenistan döwletimizde ulag-üstaşyr logistiki düzümler düýpli ösdürilýär, halkara derejesinde anyk başlangyçlar yzygiderli öňe sürülýär. Bu başlangyçlar ählumumy ykrar edilmä eýe bolýar hem-de sebit we dünýä möçberinde hoşniýetli gatnaşyklaryň hem netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hyzmat edýär.
2024-nji – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 15-nji aprelinde ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň öz işine başlamagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmenistan üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek ugrunda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki iri halkara guramalaryň meýdançalarynda hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeleýär. Garaşsyz ýurdumyz bu ugurda uly maksatlary nazarlaýan başlangyçlary öňe sürüp, bu babatda köp sanly Kararnamalaryň kabul edilmeginiň öňbaşçysy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň uly ähmiýete eýe bolan bu mejlise gatnaşyjylara iberen Gutlagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda dürli ýyllarda Türkmenistan tarapyndan hödürlenen «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», «Durnukly multimodal geçelgeleriň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy üpjün etmegiň ýolunda», «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek», «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalar kabul edildi. Şeýle hem «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnama kabul edilip, her ýylyň 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi» diýlip bellenilýär.
Bitarap döwletimiz milli ulag düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak arkaly halkara üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda Tejen — Sarahs — Maşat, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran, Kerki — Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara demir ýollary, Zerger — Kerki — Kerkiçi, Aşgabat — Garagum — Daşoguz demir ýollary, şeýle hem Kerki — Kerkiçi, Türkmenabat — Farap demir ýol köprüleri gurlup ulanmaga berildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak bilen, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça möhüm ýollarydyr merkezleri birleşdirýän esasy üstaşyr ulag geçelgeleriniň düzümlerini mundan beýläk-de giňeltmegi möhüm meseleleriň hatarynda goýýar. Hususan-da, 2016-njy ýylda BMG-niň howandarlygynda Aşgabatda geçirilen ählumumy maslahatyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Beýannamasyny, 2017-nji ýylda baglaşylan «Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşygy (Lapis Lazuli ugry boýunça Ylalaşyk)», TRACECA ulag geçelgesini görkezmek bolar. Şeýle hem Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran üstaşyr ulag geçelgesini ösdürmek we ýükleriň geçirilişini işjeňleşdirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bulardan başga-da, «Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe —Ýewropa» halkara multimodal üstaşyr ulag ugruny ösdürmek babatda hem agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň arasynda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär.
Türkmenistan halkara ýollaryň çatrygynda ýerleşip, geografik taýdan örän amatly ýagdaýa eýedir. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzda halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap ýollar, köprüler, halkara howa, demir ýol menzilleri, deňiz portlary gurulýar. Bularyň ählisi häzirki zaman şertlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegine ýol açýar, syýahatçylygyň, medeni hyzmatdaşlygyň, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň rowaçlanmagyna şert döredýär. Halkara hyzmatdaşlygynda logistika adalgasyna önümiň, harydyň ýa-da hyzmatyň dolandyryş ulgamynda ulaglar bilen daşalyşyny sazlaşdyrmak, ulgamlaşdyrmak ýaly toplumlaýyn işleriň kesgitlemesi hökmünde garalýar. Şeýlelikde, logistikanyň maksady önümi tiz wagtda we ygtybarly ýagdaýda öndüriji kärhanalardan alyjylar köpçüligine ýetirmekden ybarat bolup durýar.
Senagaty ösdürmekde ulag ulgamynyň meselelerini çözmek ilkinji hatara geçýär we logistikanyň doly mümkinçilikleri ýüze çykýar. Mysal üçin, önümçilik kärhanalaryna çig mallary we serişdeleri getirmekde, öndürilen önümleri sarp edijilere bökdençsiz, öz wagtynda we zerur möçberde ýerlemekde alnyp barylýan işleri ulagsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Munda demir ýollaryna hem aýratyn orun degişlidir.
Aşgabat şäherinde şu günki ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň uly üstünliklere beslenip geçilmegi, ýurdumyzda üstaşyr ulag geçelgelerini mundan beýläk has-da ösdürmäge uly itergi berer.