«Türkmen aýna önümleri» eksport edilýän ýurtlaryň sanyny artdyrýar
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy tarapyndan öndürilýän önümleriň eksport mümkinçilikleri artýar. Häzirki günlere çenli bu kärhananyň aýna önümleri Özbegistana, Gazagystana we Täjigistana eksport edildi.
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän kärhana ýylda dury aýnanyň 7,2 million inedördül metrini, tonirlenen aýnanyň 1 million inedördül metrini, taplanan aýnanyň 300 müň inedördül metrini, laminirlenen aýnanyň 100 müň inedördül metrini we aýna paketleriniň 400 müň inedördül metrini öndürmäge ukyplydyr.
Tutuş sebitde iri aýna önümçilik zawodlarynyň biri hasaplanylýan «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň önümleri ýerli çig mal serişdeleriniň hasabyna öndürilýär we daşary ýurtlara eksport edilýär. Kärhanada diňe bir gurluşyk maksatly aýnalar däl, buýurmalar esasynda çüýşe gaplarynyň hem 15 görnüşi işlenip taýýarlanylýar.