Ýerli çig maldan portland sement öndürilip başlandy
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Balkan» sement zawodynda eýýäm ýerli çig maldan sulfatdurnukly sement önümçiligi özleşdirildi. Onuň ilkinji tapgyry – ýokary hilli gurluşyk materialynyň 7000 tonna golaýy çykaryldy.
Türkmen himiýaçylary ýerli çig maly – demir oksidini ulanyp sulfatdurnukly (portland) sement almagyň usulyny işläp taýýarladylar. Sementiň bu görnüşi tebigy ýagdaýlara, şeýle hem agressiw himiki maddalara durnuklydyr, şonuň üçinem gurluşykda tapylgysyzdyr. Adatça, ol suwasty we ýerasty massiwler betonlananda ulanylýar.
Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri öz ýurdumyzda ýola goýmak maksatnamasyny durmuşa geçirmek jähtinden TYA-nyň Himiýa institutynyň alymlary Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň we «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri bilen bilelikde Tüwergyr dag-magdan sebitiniň tebigy serişdelerini, hususan-da demir magdanynyň gorlaryny ulanmak mümkinçiligini öwrendiler we «Çagyl» käninden çig mal almagy guramaga kömek berdiler.