Beýik Pyraga belent hormat
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 17-nji awgustynda, ýurdumyzyň şatlykly wakalara, dabaralara beslenýän günlerinde, eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk şanly baýramynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyza iş saparyny amala aşyryp, Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler hem-de paýtagtymyzy ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli şekil taslamalary bilen tanşan mahalynda, çeper döredijilige aýratyn gadyr goýýan alym Arkadagymyz dynç alyş günlerinde Magtymguly Pyragynyň öňde boljak şanly senesi barada oýlanyp, täze goşgusyny döredendigini aýtdy we ony okap berdi.
Hormatly Arkadagymyzyň Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap ýazan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy bagtyýar halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly serpaý boldy. Ildeşlerimiz Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Pyragyny wasp edýän bu ajaýyp goşgusyny gazet sahypalarynda okap, Milli Liderimiziň Magtymguly Pyraga hormat-sarpasynyň çäksizdigine we şahyryň baý mazmunly, gymmaty hiç egsilmejek döredijiligine Gahryman Arkadagymyzyň neneňsi belent hormat-sarpa goýýandygyna buýsanýar.
Ähli şygyr äleminiň wepaly hyzmatkäri —
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy —
diýen setirler bilen başlanýan hormatly Arkadagymyzyň bu ajaýyp şygrynda beýik akyldarymyzyň diňe bir öz zamanasynyň däl, eýsem, ähli zamanalarda mekan tutan ýurtlaryň akyldarydygyny beýan edýär.
Häzirki wagtda Magtymgulynyň ady bütin dünýä bellidir. Onuň öçmejek eserleri bolsa dürli dillerde neşir edilýär. Beýik şahyryň döreden goşgulary geçen döwürleriň meşhur edebiýat ussatlarynyň we filosoflarynyň eserleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Şahyryň döredijiligi dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna girdi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly tutumlary netijesinde, bu gün bütin dünýäde Magtymgula bagyşlanyp çäreler geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maksatnamalaýyn özgertmelerinden badalga alan täze taryhy döwrümizde 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek hakynda çözgüt kabul edildi, Magtymgulynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Şeýle hem beýik akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramçylygyny ÝUNESKO-nyň şanly seneler sanawyna goşmak barada teklip goldanyldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik akyldaryň umumadamzat ähmiýetli taglymatlaryny, adamzady ýagşylyga ündeýän dana nesihatlarynyň dünýäde dabaralanmagy ugrunda alnyp barylýan täze öwüşginli işleriň beýany bolup durýar.
Her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen utgaşykly bellenilmeginiň uly manysy bardyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň Garaşsyz döwlet, erkinlik, ynsanperwerlik hakyndaky arzuw-islegleri häzirki ajaýyp döwrümizde hasyl boldy. Dana Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasyna ýugrulan, kämil many-mazmunly goşgulary halky halal zähmete, belent maksatlara ruhlandyrmakda, ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir.
Ençeme asyrlardan soň hem Magtymgulynyň öz döredijiliginde beýan eden beýik taglymlary, Watanyna bolan çäksiz buýsanjy Türkmenistanda ýaşaýan adamlar üçin hem, beýleki döwletlerde ýaşaýan raýatlar üçin hem ýakyndyr we düşnüklidir. Ajaýyp zehin üçin serhet ýokdur, ol döwre we aradaşlyklara garamazdan, ynsan kalbyny tolgundyryp bilýär. Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň geljek ýyl belleniljek doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap döreden täze goşgusy bolsa kalplary ýagtylandyrýan öwüşginleri bilen ajaýyp Watanymyzyň durmuşyny baýlaşdyrýar, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze üstünliklere we ýeňişlere ruhlandyrýar.
Gahryman Arkadagymyz öz ajaýyp şygrynda: «Barymyzy şärik edýär ägirt şöhrat-şanyna» diýeninde, müň keren mamla. Taryhda gaýduwsyzlyk, edermenlik, myhmansöýerlik ýaly oňat häsiýetleri bilen beýik saýylýan halkymyz akyldar şahyrymyzyň türki döwletleriň we Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde ykrar edilmelerine biziň her birimizi hem şärik edýär.
Halkyň hormatyny aňladýan heýkele öwrülip, Köpetdagyň etegindäki belentlikde örboýuna galan, beýik şahyryň waspy Gahryman Arkadagymyzyň şahyrana setirlerinde şeýle wasp edilýär:
Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymgulydyr,
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy.
Şeýle ussatlyk bilen akyldar şahyryň waspyny ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň galamynyň ýiti bolmagyny, täze-täze eserleriniň köp bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. Çeper döredijilige uly gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, abraý mertebeleri hemişe zyýada bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!