Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Öçmez-ýitmez edebi eserleri bilen adamkärçiligiň ölçeg terezisine öwrülen, şonuň üçin islendik meselede «Magtymguly şahyr      aýdypdyr-a» diýlip, goşgy setirlerinden mysal getirilýän, dünýä belli türkolog Ýewgeniý Bertels tarapyndan şygyrlary Jemşidiň jamyna deňelen şahyr Pyragy Gürgen derýasynyň kenarynda, Hajygowşan diýen ýerde doglup, ol barada magtymgulyşynas Annagurban Aşyrowyň «Magtymgulynyň golýazmalarynyň teswiri» atly kitabynda: «Köp sanly maglumatlary deňeşdirip, şeýle hem Magtymgulynyň öz şygyrlaryna salgylanyp, Döwletmämmediň çagalary hökmünde şulary bellemek bolar.

Ogullary: Mämmetsapa, Abdylla, Magtymguly, Seýit (mazary Gürgende, gonambaşy), Gaýyrguly, (mazary Magtymguly etrap merkeziniň kerpiç zawodynyň ýanynda), Gulça (Öweznepes serdar tarapyndan Bagajyk diýen ýerde öldürilýär), Çaky, Päki.

Gyzlary: Zübeýda, Hurma (Zeliliniň ejesi), Orazgül (Magtymgulynyň ejesiniň ady dakylan)...

Atasynyň tagallasy bilen Pyragy ilki Halajyň Idris baba medresesinde, soňra Buharanyň Gögeldaş, Hywanyň Şirgazy medreselerinde bilimini artdyrýar» diýlip bellenýär.

Meşhur şahyryň ýüz-keşbi hakynda Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, professor Mäti Kösäýew şeýle ýazýar: «Bugdaý reňkli, ortadan uzyn, siňirlek, goýungöz, pakga gulagy otagaly, ýaýylyp ýatan tüňňüräk maňlaýly, ýuka dodakly, agaç etli, at ýüzli, oňurga burun, selçeň sakgaly döşüni basyp duran».

Şeýle-de A. Aşyrow Magtymgulynyň garyndaşy Gazak Agajygyň 1940-njy ýylda, ýene şol ýylda Hally ejäniň, Nurmämmet Garry oglunyň, Gyzylarbat etrabyndan Baba Berdi oglunyň 1940-njy ýylda, Baba Nejebaly oglunyň 1958-nji ýylda beren maglumatlaryna, şonuň ýaly-da ýurdumyzyň dürli ýerlerinden toplanan materiallara salgylanyp, Pyragynyň öz şygyrlaryny hem deňeşdirip, onuň 18-19 ýaşlarynda öz söýýän gyzyna öýlenendigi, emma 20 ýaşynda öz başdaş aýalyndan jyda düşendigi barada ýazýar. Soňra Pyragynyň Akgyza öýlenendigi, onuň bilen ömrüniň ahyryna çenli ýaşaşandygy hakynda belleýär. Şonuň ýaly-da ol: «Bu barada Magtymguly etrabynyň Ýartygala obasyndan Ýolhan Hojanyýaz ogly 1940-njy ýylda şeýle maglumat beripdir: «Artyk Bary diýen adam Magtymgulynyň aýalyny görenmiş. Artyk Bary 100 ýaşynda öldi. Artyk Bary ölende men 15 ýaşymdadym. Magtymgulynyň aýalyna Akgyz diýilýär. Akgyz Magtymgulydan soň hem ep-esli ýaşapdyr».

Bütin ömrüni döredijilige bagyşlan, geçmiş, şu gün, geljek hakynda filosofiki pikirleri bilen ýüreklere ýol salan ussat şahyryň geljek 2024-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Arkadagly Gahryman Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda doglan gününiň 300 ýyllygy döwlet hem halkara derejesinde bellener.