Söz ussadyna ýüzlenip...

Söz ussadyna ýüzlenip...

 

Howalaly Ýekediň,

Hem bize ylham berdiň,

Şygryýetde sen gurduň —

Köşgi-eýwan, Pyragy.

 

Wagt boldy, bişdi terne,

Garaşýandyr keserme,

Aşykdyr eserlerňe —

Ýaru-ýaran, Pyragy.

 

Miras bize ekeniň,

Şägirtleň ýetik ýüňi,

Toýlaýarys toýuňy,

Eý, mähriban, Pyragy.

 

Berdiň mähdiň-yhlasyň,

Hurmada bar bol hasyl,

Bize goýan mirasyň

Göwheri-kän, Pyragy. 

 

Watanym—ýeke-tägim,

Boýlaýar umman çägiň,

Etregiň, Sünt-hasaryň, 

Gözel-täsin, Pyragy.

 

Dür çökendir ummana,

Hormat uly sen-dana,

Nur çaýyp dur çar ýana —

Gün-Kuýaşyň, Pyragy.

 

Edýäris tagzym size,

Sylýarys roýa-ýüze,

Gör-ä, ýetdi üç ýüze,

Seniň ýaşyň, Pyragy.

 

Pyragyň nazary düşen ýerlerde

 

Aýdym aýdýan. Dünýä dolýar owazym,

Araba ýasandy. Münüp ýör Kaňly.

Munda Pyragynyň nazary düşen

Meýdanlar al-ýaşyl. Daraýy donly.

 

Daglarmyzda Ylýas, çöllerde Hydyr,

Şeýle bir owadan, ajaýyp döwür.

Söz ussady şahyr-kelamylladyr,

Gadym durmuşymyz Pyragy hakda,

Sünt-Hasar daglary gürrüň berip dur.

 

Seni söýüp, hergiz özümi kemdim,

Bardyr Garadäli. Ýaňlanýar «Ýandym».

Pyragynyň şygyrlarna siňdim-de —

Dünýä ýaýyldym.

 

Bahar gelip, gör-ä, gülläpdir dünýä,

Gülleriň roýunda görünýärsiň sen.

Alys ýoldan barýan şahyr ýanyňa,

Ikimize hormat goýup sered-ä —

Soňudagda ýygyp, bogupdyr çemen.

 

Toý toýlaýas, supra ýazýas dost-ýara,

Hem seredýäs bol getiren hol nara,

Seret, gujak gerip garşy alýar-a,

Pyragyň nazary düşen bu ýerler.

 

Seniň dergähiňe barýan, Pyragy!

 

Şygyrlaryň okap, gülländir dünýäm,

Gelýärin bu durmuş ummanyn boýlap,

Edebiýatyň derwezesin nazarlap,

Seniň dergähiňe barýan, Pyragy!

 

Roýa ýorgan eýläp mahmalyň çetin,

Ýol alysdyr, emma gidenler geti:r,

Sere täç eýläpler sözüň gymmatyn,

Seniň dergähiňe barýan, Pyragy!

 

Menzil aşýan munda bozanlam düzläp,

Ýitirenlem köplenç tapýaryn gözläp,

Alys ýoldan şahyrana söz yzlap,

Seniň dergähiňe barýan, Pyragy!

 

Sen hakda düýşlermi gowulyga ýorup,

Derýa dolup gelen bol suwy görüp,

Daglar içre ruhy-roýuň agtaryp,

Seniň dergähiňe barýan, Pyragy!

 

Dünýä barýan ýola badalga daň-ir,

Oka, öwren, döret, şygryýete gur,

Gün doguplar ýene bize saçýar nur,

Seniň dergähiňe barýan, Pyragy!

 

Belent daglar aşdyk, indi ýollar düz,

Hammal, mizan, akrap — menzil aşdyk biz,

Şygyrlarňa baglanypdyr örkümiz,

Seniň dergähiňe barýan, Pyragy!

 

Seret, gülläp otyr baldagy terler,

Türkmeniň topragy — jenneti ýerler,

Köp okaplar seniň düýpli eserleň —

Gurmaga, düzmäge, ýazmaga bu gün

Seniň dergähiňe barýan, Pyragy!

 

Beýik Pyragyly bahar

 

Salam, bahar! Garaşýaryn gelerňe,

Ýuwaş-ýuwaş daglar geýýär begresin.

Her gün gündogarlar meňzäp dodagňa,

Bagda eşidýärin şeýdalaň sesin.

 

Hem gözel ýerlerden gözleýän özüm,

Şükür, şonuň üçin pürepür gorum.

Söz hem saz sungaty meniň gözlegim,

Diýmek, poeziýa bagly agramym.

 

Seň baryňda gözelleşýär dünýäler,

Şygyr ýazýas, gör-ä, göwünler galka.

Hemem gözellikden göwünler ganar,

Barymyz bereris diňleýjä-halka,

 

Dag beýik, howala, ajaýyp jülge,

Älem diýseň ýagty, syýa zülpi tüm.

Şolar bolsa gerek maňa badalga,

Saňa hem talanta bagly barlygym.

 

Biz özümiz açýas, seredýäs siňe,

Şägirtler örňeýär, ser diräni gök.

Okaýarys, ýazýas, barýarys öňe —

Garagörnüm öňde, hanha, kämillik.

 

Ýaýlalar hoşamaý, gözel gözýetim,

Sered-ä, ýaýlalaň belent-pesine.

Seni söýýän hemem çapdyrýan atym,

Ses goşýaryn munda döwrüň sesine.

 

Dünýä barýas, bahar, saňa ses goşup,

Sende bardyr keşbi geljegiň, düýnüň. 

Sen geleňsoň, barlyk keşbem üýtgeşik —

Ýogsa-da sen alamaty söýginiň.

 

Ýapýarys-a birek-birek ýetmezin,

Sere täç eýleýäs atalar pendin.

Ýaraşygna gelýär obadyr kendim,

Now nahaldyr ýere taşlanan çigdiň.

 

Bu dere nyzamly giden alma-nar,

Hemem bu derýanyň gaýragdyr daşy.

Pyragynyň eserinden başlanýar —

Dünýä barýan ajap ýollaň gözbaşy.

 

«Gök guşaklar» göge gezelen peýkam,

Hanha, pasyrdap dur türkmeniň Tugy.

«Göwherden, ýakutdan gaşlar goýulan»,

Hak eýesin tapýar Meňliň ýüzügi.

 

Dünýä gözbaşlydyr «Aman-esenden»,

Ynsan badalgaly, köki bar çuňdan.

Eý, baharym, dünýä başlanýar senden,

Hemem girip barýas seniň dünýäňe.

 

Ýagşy günler bag-bossana güwäli,

Zemin göwsi gözel, umman ýaly giň.

Baharym, sen Pyragyly, dünýäli,

Hemem dünýä degil seniň barlygyň.

 

Pyragynyň gaşynda...

 

«Görünip dur, hanha, älem çar ýany»,

Diýip, munda synlap dursuň dünýäni,

Dag deý belent Ynsan, «Jemşidiň jamy»,

Seniň huzuryňa salama geldim.

 

Dag deresne bezeg hatar alma-nar,

Hemem dolup akýar noburlar-ýaplar, 

Seniň paý tozuňa sežde eýläpler,

Gola galam alyp, kelama geldim.

 

Goşa didäň dünýä, alysa bakýar,

Senli daglar beýik, jülge gelýär dar,

Ýoda ýola sapýar, uzaýar ýollar,

Şygyrlaň okaplar dowama geldim.

 

Dünýä giňdir naz-nygmatlar tükenmez,

Çar ýanyň gül, bägül ýokdur tikensiz,

Okadym, öwrendim şygyrlaň kemsiz,

Elip, mime, jime hem dala geldim.

 

Görýärsiň dünýäni, görgürdir gözleň,

Peder bar bek tutan, enem bar dözmez,

Çar ýan çapdym dünýä eýläpler gözleg,

Soraga, jogaba, sowala geldim.

 

Derýalar daýançsyz, daglar Bisütün,

Demiň düşýän ýerde ýagtylýandyr tüm,

Hormatyň uludyr, gözýetimiň giň,

Seň aýak tozuňa togaba geldim.

 

Sen dag, iňňän beýik, mälimdir hemmä,

Nurlar saçýar sahawatly çyragyň.

Sen diýseň beýgelip, dolýarsyň dünýä,

Kereminden Arkadagly Serdaryň.

Bahar-ýaz Pyragyň gezen ýerleri

 

Bu daglaryň diýseň howasy tämiz,

Aýlanyp dur her gün garasy-agy.

Gurluşy boýunça çekýär ünsümiz,

Türkmen-Horasan alp ýygyrtly dagy.

 

Sünt-hasar dagy bar depesi garly,

Gezýär agaýana arwana-neri.

Badamly, pisseli, almaly, narly,

Etrek hem Keşefrud dag jülgeleri.

 

Ruhy gowşaklykdan gysylýar egin,

Ruhy beýgiň mydam belentdir seri.

Açylypdyr gül-gül, alaýaz bu gün,

Beýik Pyragynyň gezen ýerleri.

 

Pyraga

 

Jemşidiň jamyna deňelen ägirt,

Seniň dünýäň ajap, gözýetimden giň.

Barýar seň ýoluňdan köp sanly şägirt,

Hemem hasyl boldy seniň arzuwyň.

 

Okadyň, öwrendiň arşy-agla çen,

Hemem bakdyň bize arşy-agladan.

Türkmen dünýäsinde galdyň baky sen,

Ýagşy päliň, ýagşy amalyň bilen.

 

Söýdüň adalaty bar zatdan beter,

Sözden bina guran eý keremli dag!

Ruhuň belentligi saňa elýeter,

Külli ynsan üçin bolduň şamçyrag.

 

Söz ussady hemem, eý beýik zergär!

«Ýar ýüzügne kümüş bilen goýduň gaş».

Bu durmuşda bolmuş Hak howandar-ýar,

Saňa has elýeter leýletil-magraç.

 

Seniň her kelamyň manysy başga,

Hemem badalgamyz bagtyýar döwür.

Nesillere miras goýduň taraşlap,

Goşulandyr saza jöwher sözleriň.

 

Iňňän gözel Etrek, Gerkez hem Çendir,

Sen daglar deý beýik, gözýetimiň giň.

Bu gün bizi dogry ýola salandyr,

Seň ak pata beren edebi ugruň.

 

Ýaran boldy bize bedewiň bady,

Oň alnynda «Depe nedir, düz nedir?».

Dünýä dolýar milli Lider zürýady,

Senem bize halallygy ündediň.

 

Bu gün diýseň gözel obadyr kendim,

Ilerim Köpetdag, gaýram Garagum.

Çakda-çende durman, sen has beýgeldiň,

Eýýamynda Arkadagly Serdaryň!

 

Ägirt ynsanyň gaşynda

 

Goşgularyň umman, sözleriň sünnä,

Döwürlere ganat dür saçýan manyň.

Bilýäs, her bir bendiň şamçyrag dünýä,

Olar seniň dünýä berýän salamyň.

 

Durmuşy goşgulaň badalgasy sen,

Şygryňda tapyşýar dag bilen deňiz.

Siziň «sizligňizi» tanadýar bu gün,

Serbelentligňiz.

 

Soňudag, Hazarlar ajaýyp, täsin

Ünsüm çekýär daglaň syrly gowagy.

Bahar gelip, çalşyrandyr lybasyn

Etrek, Gürgen, Sakgar, Sünthasar dagy.

 

Hanha, kitap açýar şahyr Nyýazy,

Şägirtleri goşgy-şygyrlaň göçi:r.

Türkmen zenanlarna berip öwüdi,

Hol dagyň gerşinde Meňli gyz otyr.

 

«Dünýäniň damarna ýel deý ýüwürdiň»,

Ahyr dyzyň epdiň sen hoşwagt halda.

Gör-ä, tutýar toýuň «mesgeniň-ýurduň»,

Paýhas ummanyna barylýan ýolda.

 

Dana Pyraga

 

Dag ýodasy uzyn, göýä uçly ýüp,

Dag çeşmesi akýar daşlara urlup,

Syrly setirleriň çuňlugna çümüp,

Dünýä üçin özün açan şahyrsyň!

 

Goşgulaň diwandyr, dünýäň gazaly,

Ömrüň nusgalykdyr, sözleň gunt ýaly,

Hemem poeziýaň «Jemşidiň jamy»,

Şygyrlary umman aşan şahyrsyň!

 

Aslyň düýpli, ýaran saňa çuňňur kök,

Hol ýerräkde tapyşýandyr ýeru-gök,

Dünýä ýaly owadan, ýary-joraň kämillik,

Filasofik goşgy goşan şahyrsyň!

 

Ýalňyzlary jübüt eýläp, taý edip,

«Kanagat ülkesin bendi jaý edip»,

Türkmen halkyn ruhy taýdan baýadyp,

Mydam köňüllerde ýaşan şahyrsyň!

 

Setirleň yzarlar ýürek ýylysyn,

Garamat göteren iner ýalysyň,

Okamyş, filosof, Magtymgulysyň,

Derýa deýin dolup-daşan şahyrsyň!

 

Hiňlenýäs, atlanýas arzuw atyna,

Okaýarys, çümýäs kitap gatyna,

Uly dünýäň giňiş edebiýatyna,

Çäksiz uly goşant goşan şahyrsyň!

 

Akyldaryň huzurynda

 

Edebi mirasyň süňňün döreden,

Her kelamyň boldy dertlere däri.

Bakýarsyň çar ýandan, dagdan-dereden,

Altynyň-kümüşiň, sözüň zergäri.

 

Dabaraly ugratdylar il bolup,

Söz ussady, huzuryňa-gaşyňa.

Ýazdyň şygyr söz mülkünde beýgelip,

Hemem dil bitirdiň mähek daşyna.

 

Saňa barýan ýolda aşyldy menzil,

Bardy aramyzda şahyr hem bagşy.

Beslendi gül-gunça saňa barýan ýol,

Bu gün has üýtgeşik Günüň hem dogşy.

 

Seň nazaryň siňen Gerkez bagynda,

Aýtdyk aýdym, düzdük şygyr hem nama.

Edil şonuň ýaly, boş çykmajagna, 

Düşünýäris giren seniň dünýäňe.

 

Galdyrdyk tirsegne ol Çowdur hany,

Hemem gulak asdyk dutara-tara.

Kerem-keramata besläp ynsany,

Bilýäs, gönderipdiň ýagşy ýollara.

 

Orun alýar ýürekleriň töründen,

Seniň dahanyňdan çykan her kelam.

Hemem söz mülküňden başlanýar durmuş,

Öwüdiň-ündewiň eýlenýär amal.

 

Sen ägirt. Bakyp dur dideleň-gözleň,

Bagşy-şahyr mydam seredýär saňa.

Aýdyma öwrülen keremli sözleň, 

Öwrüldi nakyla, göwher gaşyna.

 

Dörändir sözlerňe hor aýdymlary,

Bagşy joşa gelýär. Öýler myhmanly.

Ýagtyldar tümleri, ak agşamlary,

Her setiriň ajap, täsin mukamly.

 

Şeýle bir owadan bahar-ýazymyz,

Ýüzläp, müňläp ynsan saňa bakyp dur.

Arkadagly döwür. Tapdyk özümiz,

Seniň huzuryňda beýik akyldar.

 

Tutýarys toýuň, Pyragy!..

 

Garaşsyz ýurt. Ýol uzaýar çar ýana,

«Ýüküň ýerde goýmaz», bilýäris iner.

Ykbal kerwenini çekip barýar-a

Magtymguly Pyragy hem pederler.

 

Lebaplylar tutduryp dur «ýor-ýor-a»,

Öýde galdy Gurban bagşyň dutary.

Magtymguly bilen ýetip gelýär-ä,

Ahmet dürrany.

 

Gyş gazaply geldi. Garly kyrk çille,

Güýzde welin, bagda düzüm alma-nar.

Atam baryn berdi. Berdi ikelläp,

Supram köp adamly, ynha, şahyrlar,

Hemem birje haýyş, beriň jogabyn,

Indi dörärmikä Magtymgulylar?!

 

Uzak ýaşly dana. Üç ýüz ýaşynda,

Bakýar öz döwrüniň ýagtyldyp tümün.

Baryldy Gerkeze. Durun gaşynda —

Magtymgulynyň!

 

Kalbyň deý iýmişli hol giden baglyk,

Pasyrdap dur, seret, Türkmeniň Tugy!

Arkadagly Serdar barça nusgalyk

Seniň toýuň tutýar, dana Pyragy!

 

Toýuň toýlaýas, Pyragy!..

 

Garaşsyz ýurt. Ýol uzaýar çar ýana,

«Ýüküň ýerde goýmaz», bilýäris iner.

Ykbal kerwenini çekip barýar-a

Magtymguly Pyragy hem pederler.

 

Lebaplylar tutduryp dur «ýor-ýor-a»,

Öýde galdy Gurban bagşyň dutary.

Magtymguly bilen ýetip gelýär-ä,

Adyl şalaň biri — Ahmet dürrany.

 

Goşa ýaz deý geldi. Gyşym, kyrk çille,

Güýzde welin, bagda düzüm alma-nar.

Atam baryn berdi. Berdi ikelläp,

Supram köp adamly, ynha, şahyrlar,

Hemem birje haýyş, beriň jogabyn,

Indi dörärmikä Magtymgulylar?!

 

Uzak ýaşly dana. Üç ýüz ýaşynda,

Bakýar öz döwrüniň ýagtyldyp tümün.

Baryldy Gerkeze. Durun gaşynda —

Magtymgulynyň!

 

Kalbyň deý iýmişli hol giden baglyk,

Pasyrdap dur, seret, Türkmeniň Tugy!

Arkadagly Serdar barça nusgalyk

Seniň toýuň tutýar, dana Pyragy!

 

Seždegähim — Pyragy 

 

Güller açmyş Ylham bagy,

Kalp aramy — ynsap pägi,

Ak pata beräý, Pyragy,

Bir dem tirsegiňe gal-da!

 

Her görende gara gadyr,

Ylhamly sözler dogadyr,

Menzil aşyp, söz ussady,

Geldim senden istäp dalda,

 

Barýas bereketli güýze,

Kerem istäp daga-düze,

Umman sary çäksizlige,

Aşýas menzil ýagşy halda.

 

Toý bezegi ýagly petir,

Bilýän munda «Giden getir»,

Ene ýere bakyp otyr,

Egip başyn selbi tal-da.

 

Dabaram bar daglar aşan,

Jeýhunlarmyz dolup-daşan,

Beýik Ýeňşe goşant goşan,

Enelermiz galyp tylda.

 

Neneň täsin dere Ummar,

Daglaryň depesi ak gar,

Durmuş içre gaýtalanýar,

Häsiýetler ogul-gyzda.

 

Ak bulutlar para-para,

Syntgy berýäs kirşe-tara,

Çeşmiň kalba salmyş ýara,

Galmyş ýatda şol bir lahsa.

 

Durmuş içre gözel akdyň,

Bir tegmilsiz, mydam aksyň,

Ýylgyryşlaň alýar aklym,

Bir bäriňe garaý, ýogsa...

 

Kalpda hyjuw, ýürekde gor,

Nerkez gözlim, bakyşyň tär,

Gör, tohumlar şineleýär,

Bir ýerine damja degse.

 

Goýlar gadyr synmaz erke,

Belent daglar—daýanç arka,

Gülabylar gelmiş görke,

Gör-ä, bu gün ýetip tomsa.

 

Ýyldyz şugla saçýar tümden,

Berýär gürrüň ak bagtymdan,

Ajap bir taryhy tomdur,

Nowaýydan galan «Hamsa».

 

Yhlasym siňmiş aşyma,

Men diňe saňa aşyg-a,

Beslenibiýr al-ýaşyla,

Daglar bulduň süýdün emse.

 

Neneň ajap türkmen bagy,

Milli Lider kalp çyragy,

Ak pata beräý, Pyragy,

Bir dem tirsegiňe gal-da!

 

Şygryýet läheňi, dana Pyragy!

 

Ýaz ýagmyry bagtdan, bollukdan nyşan,

Ýaýlam çemenzarlyk, daglam geýmiş don,

Kaşgarlyň, Farabyň dünýäsin boýlan,

Şygryýet läheňi, dana Pyragy!

 

Her biri hazyna kitabyň-tomuň,

«Külliýaty» — golýzmalar toplumyň, 

Seniň poeziýaň: 

              «Jemşidiň jamy!»,

Şygryýet läheňi, dana Pyragy!

 

Sen hak. Şonuň üçin Hak howandar-ýar,

Bagşylar keremli, saýraýar dutar, 

Arkadagly Serdar halkyna hossar,

Şygryýet läheňi, dana Pyragy!

 

Gülleýär ýurdumyz, obalar-kentler,

Şamçyrag türkmene öwütleň-pentleň,

Her sözüň altyndyr, şekerdir-gantdyr,

Şygryýet läheňi, dana Pyragy!

 

Eziz Diýar gözel erteki ýaly,

Seň adyň göterýär paýtagt şaýoly,

Dowam etdi ýoluň Seýdi, Zelili,

Şygryýet läheňi, dana Pyragy!

 

Magryfat saçyp dur kelamyň-zeriň,

Hazynalar käni kitap-defteriň,

Arşy-agla galdy meşhur «Kepderiň»,

Şygryýet läheňi, dana Pyragy!

 

Seň dünýäň deý gözel Köýtendag gerşi,

Ümürli-dumanly Köpetdag başy,

Arkadaga aýan ylmyň aňyrsy,

Şygryýet läheňi, dana Pyragy!

 

Eýa, Jemşidiň jamy!

 

Bu durmuşa bal gatdyň,

Sensiz oňmaz bagşylar.

Il-ulsuňa bagyş etdiň,

Söz mülkünden ýagşysyn.

 

Dür sözlerňe aşyk biz,

Şahyrlaryň ussady!

Munda menzil aşyplar,

Wasp edýäs ýakyn-ýady.

 

Jadyly jümleleriň

Magrypat saçýar ýurda.

Seň şanyňa toý tutýas,

Arkadagly Diýarda.

 

Gol göterip, bermiş pata,

Ulug pir, goly hasaly.

Sözleriň gaýra duruzýar,

Ýaňlansa, baly-asaly.

 

Gözbaş alýan çuňluklardan,

Dür sözleriň arşdan indi.

Şygryýet hem saz sungaty,

Aýrylmaz, bitewi heňdir.

 

Bu köňüller tapýar bähre,

Her bir keremli sözüňden.

Kelama sarpa goýmagy

Öwrendik seniň özüňden.

 

Seredip dur huzuryňdan,

Bahaweddin, Weýsel Kara.

Alyslardan, Gün nurundan,

Kelam ýagýar. Meňzeş düre.

 

Kerem-kelam kalba dolup,

Öz mynasyp ornun tapýar.

Seň setirleň aýdym bolup,

Ýaňlanmaga şert döredýär.

 

Her bir sözüň filosofik

Mazmun bilen kebşirlenýär.

Şeýde-şeýde sazlaşyplar,

Aýdym bolup inýär dünýä.

 

Güneş çogly, şuglaly Aý,

Biz ýetdik bagtyýar güne.

Külli türkmen toýlaýar toý,

Arkadagly Serdar bilen,

Akyldar, seniň şanyňa.

 

Akyldaryň gaşynda

 

Gaýdýar senden kelamy-yşk,

Täzeçil edebi eýýam.

Köňüllerde guruban köşk,

Barçany hyrydar eýlän.

 

Syryň çohdur älem içre,

Söz mülküniň şasy, şahyr?!

Kelam istäp düşüp yşga,

Jogap gözläp owal-ahyr.

 

Çümmek isledik dünýäňe,

Kämillige beriban gol.

Huzuryňa, barýas öňe,

Ädim-ädim aşýarys ýol.

 

Ýollar uzyn saňa çenli,

Jöwher sözler saňa boýun.

Edebi mirasyň süňňün,

Kerpiç-kerpiç goýan özüň.

 

«Gaş goýuplar kümüş bile»,

Meňli gyzyň alyp köňlün.

Çygryn giňeldip edebiň,

Deňediň daga gerdeniň.

 

Beýgeldip geljegmi-düýni,

Kebşirlediň kelam ornun.

Batyrdyň «Akyl gämiňni»,

Boýlaplar Jelil syrlaryn.

 

Çar ýandan myhman gelip dur,

Goldadyr dutar-gyjagmyz.

Roýlar bäri öwrülip dur,

Myhmanlydyr ähli jaýlar.

 

Şygyrlarňy ýat tutýarys.

Hemem her bir köňülde sen.

Milli Lider goýup gadyr,

Arkadagly Serdarymyz —

Tutýar seniň ýaş toýuňy.

 

Beýikligi — Pyragynyň

 

Bardyk göýä behişt jaýga,

Howalandy arşy-agla,

Döwürlere saçýar şugla,

Beýikligi — Pyragynyň.

 

«Jemşit jamynyň»  mesgeni,

Çyn şahyrmyň, goldar seni,

Zehin ýellerniň ösgeni,

Beýikligi — Pyragynyň.

 

Bolduk menzil-mekanynda,

Ajap zehinler käninde,

Baş şygar türkmen aňynda,

Beýikligi — Pyragynyň.

 

Almaly, enarly — baglar,

Sünt-Hasarlar, Soňudaglar,

Menzil-mekanlar — awlaglar,

Beýikligi — Pyragynyň.

 

Aktokaýda — Lamekanda,

Ýygylmyş kän janlar anda,

Durmuş Haknyň dergähinde,

Beýikligi — Pyragynyň.

 

Bilseň, bir bagy-Eremdir,

Hormatlydyr-muhteremdir,

Ynsan ähline keremdir,

Beýikligi — Pyragynyň. 

 

Ady-owazasy dünýä dolan şahyra 

 

Dag ýodasy uzyn, göýä uçly ýüp,

Dag çeşmesi akýar daşlara urlup,

Syrly setirleriň çuňlugna çümüp,

Dünýä üçin özün açan şahyrsyň!

 

Goşgulaň diwandyr, dünýäň gazaly,

Ömrüň nusgalykdyr, sözleň gunt ýaly,

Hemem poeziýaň «Jemşidiň jamy»,

Şygyrlary umman aşan şahyrsyň!

 

Aslyň düýpli, ýaran saňa çuňňur kök,

Hol ýerräkde tapyşýandyr ýeru-gök,

Dünýä ýaly owadan, ýary-joraň kämillik,

Filasofik goşgy goşan şahyrsyň!

 

Ýalňyzlary jübüt eýläp, taý edip,

«Kanagat ülkesin bendi jaý edip»,

Türkmen halkyn ruhy taýdan baýadyp,

Mydam köňüllerde ýaşan şahyrsyň!

 

Setirleň yzarlar ýürek ýylysyn,

Garamat göteren iner ýalysyň,

Okamyş, filosof, Magtymgulysyň,

Derýa deýin dolup-daşan şahyrsyň!

 

Hiňlenýäs, atlanýas arzuw atyna,

Okaýarys, çümýäs kitap gatyna,

Uly dünýäň giňiş edebiýatyna,

Çäksiz uly goşant goşan şahyrsyň!

 

           Abdylhalyk JUMADOW,

           «Türkmenistanyň senagaty» žurnalynyň redaktory.