Döredijilik duşuşygy geçirildi

2024-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Gurluşyk we senagat işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygy geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Senagat toplumynyň edara binasynyň mejlisler jaýynda «Beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň pelsepewi ideallary» atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga  Gurluşyk we senagat işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygy geňeşiniň başlygy Rahmandurdy Rahmanow, «Türkmenistan» gazetiniň bölüm redaktory, şahyr hem publisist Akmyrat Hojanyýaz, «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm müdiri Süleýman Ilamanow, «Watan» gazetiniň uly habarçysy Orazdurdy Atahanow, «Biznes reklama» gazetiniň edebi işgäri, şahyr Gurbandurdy Orazow gatnaşdylar.  

Duşuşygyň dowamynda çykyşlara giň orun berlip, olarda «Halkymyz 2024-nji ýyly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny uly ruhubelentlik bilen garşy aldy. Täze ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda halkara derejede giňden bellenip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi nusgawy şahyra uly sarpa goýulýandygynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy» diýlip bellenildi. 

Türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry, nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, onuň ajaýyp şygyrlary ynsan kalbyny ruhlandyrýar. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň halkara abraýyny has-da beýgeltmek, ony giňden wagyz etmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Akyldar şahyrymyzyň ajaýyp setirleri diňe bir türkmen halkyny haýran galdyrman, eýsem daşary ýurt dillerine hem terjime edilip, höwes bilen okalýar. Şahyryň edebi mirasy, akyl-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserleri belent adamkärçiligiň, ylahy päkligiň, ahlagyň, mertligiň, salykatlylygyň, watançylygyň, ynsabyň ölçeg daşy bolup, türkmen halkynyň arasynda ýaşap gelýär. 

Çykyş edenler «Magtymguly bütewiligiň ýeňilmez güýçdügini, agzybirligiň bagtyýar ýaşamak üçin esasy şertleriň biridigini öz döredijiliginde wasp  eden danadyr.  Türkmen ili bir supranyň başyna jemlendi, bu gün türkmen iliniň ykbaly göge göterildi, baryp XVIII asyrda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň arzuwlan döwri geldi, hut şularyň sakasynda    hem Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz dur» diýip buýsanç bilen bellediler.

Çäräniň barşynda döredijilik duşuşygyna gatnaşanlar çykyş eden ýazyjy-şahyrlara we žurnalistlere Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, häzirki günde beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek boýunça alnyp barylan işler barada özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlenip, degerli jogaplary aldylar.

Duşuşykda çykyş edenler Gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzy, türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň hormat-sarpasyny belent derejelere ýetiren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyklaryny bildirdiler.