Türkmen-hindi gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär
2021-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Widhu Peethambaran Nair bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirdi.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda S.Berdimuhamedow ilçi bilen mähirli salamlaşyp, Widhu Peethambaran Nairi Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenilmegi bilen gyzgyn gutlady we oňa işinde uly üstünlikler arzuw etdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli kararnamasy tarapyndan yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» ähmiýeti barada bellediler.
Taryhy we medeni arabaglanyşygy bolan Türkmenistan bilen Hindistanyň köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edýändikleri, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň Prezidentleriniň uly tagallalary netijesinde giňden ösdürilýändigi babatynda aýratyn nygtaldy. Şeýle hem syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-hindi gatnaşyklarynyň netijeliligi bellenildi.
Taraplar senagatyň dürli pudaklarynda hem-de gurluşyk önümçiliginiň tehnologiýasy babatynda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi hakynda pikir alyşdylar. Aýratyn-da, bu ugurda ylmyň soňky gazananlaryny we täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek barada bellenilip geçildi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedow we Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Widhu Peethambaran Nair türkmen-hindi gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýokary ähmiýet berilýändigini nygtadylar.