Gurluşyk-senagat toplumy milli ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biridir
2021-nji ýylyň 4-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi.
Döwlet Baştutanymyz geçen ýylda ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanan iş maslahatyny açyp, bu toplumyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Bu ugurda gazanylýan netijeler we pudaklaryň sazlaşykly ösüşi halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşynyň kepilini üpjün edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu maslahatda ýokary ösüş depginini saklamak, toplumyň ähli kärhanalarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, umuman, ýubileý ýylynda – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň belleniljek ýylynda döwletiň maksatnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini artdyrmak üçin işleri ýokary guramaçylyk derejesinde alyp barmak boýunça degişli meselelere serediljekdigini belledi we maslahata gatnaşyjylaryň hasabatlaryny hem-de tekliplerini diňledi.
Maslahata gatnaşyjylar bilen, bir hatarda, Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri S.Berdimuhamedow hem 2020-nji ýylda pudakda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
2020-nji ýylyň ýanwar – dekabr aýlarynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça jemi öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 107,9 göterime barabar boldy.
Şeýle hem ministr häzir Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň toplumynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler barada aýdyp, bu desgalaryň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň hormatyna ulanmaga beriljekdigini, munuň üçin toplumyň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işleriň depginini yzygiderli güýçlendirmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini habar berdi.
Mundan başga-da, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde hem-de garamagyndaky edara-kärhanalarda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagyna itergi bermek maksady bilen, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça 2020 – 2021-nji ýyllarda ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasy» düzüldi.
Ministrlikde elektron resminama dolanyşygy taýýarlanyldy hem-de degişli edaralar bilen ylalaşyldy. Häzirki wagtda ministrligiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň 27-siniň arasynda elektron resminama dolanyşygy ýola goýuldy hem-de ministrligiň web-saýty taýýarlanyldy we internet torunda ýerleşdirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kuwwatly senagaty döretmegi çaltlandyrmagyň wajypdygyna hem-de ministrligiň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, senagat we gurluşyk önümçiligini yzygiderli ösdürmegi, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan gurulmagy göz öňünde tutulan desgalaryň taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegiň, ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda, Oba milli maksatnamasynda hem-de beýleki maksatnamalarda we meýilnamalarda göz öňünde tutulan desgalaryň ýerli gurluşyk serişdeleri bilen üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça zerur işleri geçirmegiň wajypdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiziň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren bu iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň gurluşyk-senagat toplumynyň ýene-de bir sapar önümçilik mümkinçilikleriniň örän uludygy aýdyň deliller bilen tassyklanyldy hem-de öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň öz tebigy baýlyklarymyzyň esasynda gurluşyk serişdeleriniň, elektronika we beýleki senagat önümleriniň önümçiligini döwrebap tehnologiýalara hem-de ösen ylmyň gazananlaryna laýyklykda ösdürmek, olar bilen içki bazarlary üpjün etmek, daşary ýurtlara ugradylýan eksportyny yzygiderli artdyrmak babatynda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ähli degişli işleri durmuşa geçirjekdigini ynamly aýtsa bolar.