Baýramçylyk açylyşlary şatlyk paýlaýar
Şu günler ýurdumyzyň goşa baýramy – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagymyzyň güni ýurdumyzyň ähli künjegini şatlyk-şagalaň bilen gurşap aldy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze üstünliklere tarap öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ähli ýerinde baýramçylyk dabaralary, dürli medeni çäreler, binalaryň we jaýlaryň açylyşlary giňden we uly ruhubelentlik bilen geçirilýär.
Eziz Diýarymyzyň şanly senesiniň – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň ussat gurluşykçylarynyň gurup ulanmaga beren täze edara binalary hem bu baýramçylyga uly goşant boldy.
Toý günlerinde Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Magdanly şäherinde «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň şahamçasynyň täze binasy açylyp ulanmaga berildi. Binanyň gurluşygy ministrligiň Türkmenabat şäheriniň «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasynyň ezber gurluşykçylary tarapyndan alnyp baryldy we gurluşyk işleri ýokary hil derejesinde ýerine ýetirildi. Ähli talaplara laýyklykda gurlan täze iki gatly binada şahamçanyň işini döwrebap ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir. Iş otaglary we bölümler häzirki zaman kompýuterleri we beýleki sanly enjamlar bilen üpjün edilipdir.
Baýramçylygyň öň ýanynda dabaraly açylyp ulanmaga berlen binalaryň ýene biri hem ministrligiň Türkmenabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasy tarapyndan gurlan Kerki etrap kazyýetiniň täze edara binasydyr. Daş-töweregi baglyk bolan bu bina iki gatdan ybarat bolup, onuň ähli otaglarynda zerur enjamlar oturdylypdyr we kazyýet işgärlerine zähmet çekmek üçin ähli şertler döredilipdir.
Görkezilen binalaryň açylyş dabaralarynda çykyş edenler şeýle häzirki zaman binalary gurduryp berýändigi, halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, işgärler üçin döwrebap zähmet şertlerini döretmek üçin taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.
Şeýle hem şatlyk-şowhuna beslenip ruhubelentlik bilen geçirilen dabaralarda binalary ýokary hil derejede guran Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Türkmenabat şäheriniň «Demirbetonkonstruksiýa» we «Demirbetonönümleri» kärhanalarynyň gurluşykçylarynyň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy hem-de tapawutlanan işgärlere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.