Işgärler bölümleriniň işini kämilleşdirmegiň meseleleri boýunça iş maslahaty geçirildi
2022-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde Işgärler we ýörite işler bölüminiň guramagynda Işgärler bölümleriniň işini kämilleşdirmegiň meseleleri boýunça iş maslahaty geçirildi. Maslahata ministrligiň we garamagyndaky edara-kärhanalaryň Işgärler bölümleriniň ýolbaşçylary, jogapkär hünärmenleri gatnaşdylar.
Iş maslahatynda raýatlary edara-kärhanalara işe kabul etmegiň düzgünleri, ýerlerde işleriň guralyşy, olaryň dolandyrylyşyny guramagyň kadalary, işleriň at ýazgylary we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de olar boýunça tejribeler alşyldy.
Şeýle hem iş maslahatynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň türkmen halkyna beren bagtyýar durmuşy, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda gazanylanlar, taryhy ösüşler hem-de halk hojalygynyň ähli ugurlarynda, şol sanda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda ýetilen sepgitler, ösüşler, ýerlerde gazanylýan üstünlikler, işgärleri saýlap-seçip almagyň hem-de ýerli-ýerinde bilimine, hünärine, başarnygyna we ussatlygyna görä işe kabul etmegiň, olaryň hünär derejesini kämilleşdirmegiň ugurlary barada giňişleýin gürrüň edildi.
Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinde bu ugurdan hünärmenleriň taýýarlanylyşy hem-de bilimleriniň ýokarlandyrylyşy, her bir işgär bilen işleriň guralyşy, işe kabul edilende olara bildirilýän talaplar, Işgärler bölümlerinde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň zerurlygy, iş hem-de resminama dolanyşygynyň guralyşy, işgärler bilen işlemegiň, olaryň artykmaç taraplaryny açyp, olary yhlasly we tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrmagyň ýollary dogrusynda bellediler.
Şeýle hem çykyş edenler Işgärler bölümlerinde alnyp barylýan işler, öňde durýan esasy wezipeler we olary ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada durup geçmek bilen, işleri talaba laýyk alyp barmak hem-de kämilleşdirmek netijesinde ministrligiň ulgamyny ýokary derejeli, döwrebap hünärmenler bilen üpjün etmek barada aýratyn nygtadylar.
Iş maslahatynyň ahyrynda ministrligiň edara-kärhanalarynyň Işgärler bölümleriniň işgärleri işleri guramak boýunça öz tejribeleri barada çykyş etdiler hem-de sorag-jogap alyşma guraldy, şeýle-de maslahata gatnaşyjylar onuň täsirli we guramaçylykly geçendigini bellediler.