Ýokary gymmatlyk, zenan mertebesi, çaga terbiýesi...
Diňe bir ojagyň, öýüň-toýuň däl, eýsem sözüň-sözlemiň, şygryýetiň-kyssanyň hem bezegi bolan türkmen gyz-gelinleri hakynda meşhur söz ussady Pyragy pederimiz:
Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama,
Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa
diýip, jaýdar belläpdir. Aslynda-da ata-babalarymyz, häzirki zaman söz ussatlary tarapyndan ar-namysa, güle-gunça, baýdaga-tuga deňelen gyz-gelinler barada goşgy ýazmadyk şahyr hem ýok bolsa gerek. 2022-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň mejlisler zalynda geçen «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» atly wagyz-nesihat çäresinde hem bular barada giňişleýin durlup geçildi.
Zenan mukaddesligi, gyz-gelinlerde türkmen zenanyna mahsus asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, düzgün-tertip, edep-ekramlylyk, arassa ahlaklylyk ýaly temalary öz içine alan wagyz-nesihat çäresi Aşgabat şäher häkimligi, paýtagtymyzyň Zenanlar guramasy, Aşgabat şäher Halk maslahaty, merjen şäherimiziň Saglygy goraýyş müdirligi, hukuk goraýjy edaralar tarapyndan bilelikde guralyp, ol Berkararlyk etrap Halk maslahatynyň başlygy, Aşgabat şäher Zenanlar guramasynyň jogapkär işgäri Gözel Orazowa tarapyndan alnyp baryldy.
Bu çäräniň dowamynda G. Orazowa öz çykyşynda ýazlar deý ýakymly, gawun-garpyzlaryň, beýleki ir-iýmişleriň bişmegine şert döredýän tomus pasly ýaly mähirli, güýzler kimin hasylly enelerimiziň hüý-häsiýetleri, olaryň ogul-gyzlarynyň durmuşda islenilýän, Watana wepaly, il-ulus tarapyndan hormat goýulýan adamlar bolup ýetişmegi üçin çekýän abyrsyz zähmeti, ene hüwdüsiniň ähmiýeti, olaryň görüm-göreldesine eýeren geljekki eneler babatda alyp barýan nusgalyk işleri, geljekki jemgyýetiň gözbaşynda durýan maşgaladaky orny hakynda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşine laýyklykda, döwletiň goragynda, howandarlygynda durýan maşgalany gurmagyň, ony ilhalar, hemmeleriň höwes edýän maşgalasyna öwürmek üçin edilýän tagallalar dogrusynda mysallar arkaly gürrüň beren bolsa, onuň yzýanyndan çykyş eden Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň baş müdirliginiň prokurory, 1-nji derejeli ýurist Jennet Arazowa öz çykyşynda Esasy Kanunymyzda «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýlip bellenilişi ýaly, ýurdumyzda şeýle gymmatlyk bolan adamyň ömrüni uzaltmak, jan saglygynyň goraglylygyny üpjün etmek, asuda, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmak ugrunda alnyp barylýan işler hakynda gyzykly gürrüň berdi.
Bu durmuşda atany Kybla, enäni Käbä deňän halkymyz «Ata Watan», «Ene toprak» diýen jümlänem depesine täç edýär. «Jennet eneleriň dabanynyň astyndadyr» diýip, nesillere öwüt beren eždatlarymyz ata-ene mukaddesligi hakynda şeýle hem «Ata gören ýol keser, ene gören don keser», «Ata razy — Alla razy», «Ata-enäniň garrysy bolmaz, asyl parçanyň könesi», «Altyn-kümşüň könesi bolmaz, ata-enäniň bahasy», «Aglasa, enem aglar, galany ýalan aglar» ýaly nakyllaşan aýtgylary hem döredipdir. Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda: «Dünýäniň iň meşhur adamlarynyň bu mähribanlar hakyndaky ýazanlaryny okap görýärin. Şonda men «Ene beýikleri dünýä inderýän beýiklik» diýen netijä gelýärin. Mertler Watany beýgeldýär, Watan hem öz ogullaryny beýgeldýär. Şol beýikligi bolsa ilki bilen mähribanlyk döredýär. Mähribanlyk bilen ynsana dünýäni söýmek duýgusy ornaýar. Ol duýgy eneden gaýdýar. Ene iň gowy gylyk-häsiýetleriň, şeýle hem söýgä gurşalan duýgularyň, mähribanlygyň ýaradylyşa serpaýydyr. Bular bitewilikdir. «Ene» diýmegiň özi ähli gowy zatlary aňladýandyr. Şonda diňe «söýgi» diýen düşünje bärden gaýdýar. Ene biziň üçin ähli zatlaryň, ynsanlyga mahsus asylly ýörelgeleriň jemini aňladýar» diýip belleýär. Wagyz-nesihat çäresinde çykyş eden Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň kazysy Şirin Jumaýewa hem-de paýtagtymyzyň 4-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany, Aşgabat şäher Halk maslahatynyň agzasy Ogulbibi Hojatowa bular barada, maşgala bitewiligi, çaga terbiýesi, ýaramaz endiklerden daşda durmagyň düzgünleri, çagalary sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrmagyň ýollary hakynda giňişleýin durup geçdiler.