ALTYNJY HAZAR SAMMITI Bähbitleriň bitewiligi ugrunda
Şu ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabadyň kaşaň «Arkadag» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiziň başlyklygynda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda altynjy Hazar sammiti geçirildi. Mälim bolşy ýaly, eziz Diýarymyz oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk, milli hem-de umumy bähbitleriň sazlaşygyny durmuşa geçirmek bilen, Hazar sammitinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde özara gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Bu ugurda Hazaryň diýseň uly, dürli ugurly kuwwatyndan netijeli peýdalanmak boýunça görülýän çäreler, ol babatda anyk başlangyçlaryň öňe sürülmegi, goja Hazaryň «Parahatçylyk, dostluk we ylalaşyklylyk deňzi» diýen derejä eýe bolmagyna hemmetaraplaýyn ýardam berilmegi gaýragoýulmasyz möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.
2002-nji ýylyň aprelinde Aziýanyň merjen şäherinde şeýle duşuşygy geçirmek başlangyjyny Türkmenistan döwletimiziň öňe sürmegi bilen ilkinji Hazar sammiti geçirilipdi we onda uzak möhletleýin geljek üçin netijeli hyzmatdaşlyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge badalga berlipdi. Bu babatda Arkadagly Serdarymyz öz çykyşynda: «Ykdysady ulgam Hazardaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu ulgam köptaraplydyr we ulag, logistika, kommunikasiýalar, energetika, önümçilik taýdan ýakynlaşmak ýaly ulgamlary we beýleki köp ugurlary öz içine alýar.
Bu babatda hyzmatdaşlygyň geljegi uly, täsin görnüşini — Hazar ykdysady forumyny döretmek hakyndaky çözgüdiň uly ähmiýete eýedigini bellemek isleýärin. Şeýle forum ilkinji gezek 2019-njy ýylyň tomsunda Türkmenbaşy şäherinde geçirildi. Şonda kabul edilen çözgütler we ylalaşyklar Hazarda hojalyk işini strategik taýdan meýilleşdirmek üçin ygtybarly binýada öwrüldi, onuň geljegini kesgitledi. Gürrüň, ilkinji nobatda, ulag barada barýar.
Men Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça Ýewraziýada üstaşyr ulag akymlarynyň baglanyşdyryjy merkezi hökmünde Hazar deňzini «Mümkinçilikleriň deňzi» diýip atlandyrmagy hakykatdan daşda däl diýip hasaplaýaryn. Geljekde Hazaryň şeýle ähmiýetiniň has-da artjakdygyna ynanýaryn» diýip belledi.
Altynjy Hazar sammitiniň dowamynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti llham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin yzly-yzyna çykyş edip, olar çykyşlarynyň dowamynda özleriniň däp bolan ynsanperwer, bilim, ylym, medeniýet, sport, söwda-ykdysady... gatnaşyklary ösdürmegiň tarapdarydyklaryny bellediler. Bular barada, hususan-da, döwletleriň özygtyýarlylygyna, çäkleriniň bitewiligine, garaşsyzlygyna, özygtyýarly deňhukuklylygyna hormat goýmak, güýji ýa-da güýç ulanmak howpuny salmagy ulanmazlyk, birek-birege hormat goýmak, hyzmatdaşlyk etmek, birek-biregiň içerki işlerine gatyşmazlyk, Hazar deňzini parahatçylykly maksatlar bilen peýdalanmak, ony parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk zolagyna öwürmek, Hazar deňzi bilen bagly ähli meseleleri parahatçylykly serişdeler arkaly çözmek, Hazar sebitinde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek we beýlekileri öz içine alýan jemi on ýedi bölekden ybarat ýörelgeleri öz içine alýan «Altynjy Hazar Sammitiniň beýanatynda» hem giňişleýin beýan edilýär.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti llham Aliýew bilen duşuşyp, olar bilen döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, geljekki ösüşi, bu ýurtlaryň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada maslahatlaşdy.
Şeýle hem Altynjy Hazar sammitine gatnaşan döwlet Baştutanlary Gahryman Arkadagymyzy 65 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar we hormatly Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, abadaçylyk, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde üstünlikler arzuw etdiler.