Senagat pudagynda özgertmeler...
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygider gowulandyrylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi gülledip ösdürmek barada gije-gündiz alada edýän, düýpli işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän çäreleri, kabul edýän il-ýurt bähbitli kararlary hem-de maksatnamalary netijesinde senagat pudagynda hem düýpli özgertmeler dowam etdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzda gurluşygy alnyp barylýan, şeýle hem 2022-nji ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşyk işlerini bellenen möhletde, özem ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin Arkadagly Serdarymyzyň Karary esasynda armatura önümleri satyn alnar. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň «Новосталь-М» metallurgiýa holdinginiň «Металлургический Завод Балаково» paýdarlar jemgyýetinden 81 420 tonna armatura önümlerini satyn almak boýunça şertnama baglaşyldy.