Halkara sergisi: ýokary hil, döwrüň talaby...

Şu ýylyň 6-7-nji awgustynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara sergisi we onuň çäklerinde «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly ylmy maslahat geçirilip, bu çäräniň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiniň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, daşary ýurtlaryň eziz Diýarymyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly we ýurdumyzyň işewürleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri,   ýurdumyzyň raýatlary gatnaşdylar. Bu köpugurly sergi binasynda ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň  garamagyndaky senagat kärhanalarynda öndürilýän sement, magdan däl materiallar, metal önümleri, aýna,  keramzit, kaolin, gips we maşyngurluşyk önümleri sergilendi. Ministrligiň önümçilik düzümleri bolan «Bäherden», «Balkan», «Lebap» sement zawodlarynyň, Gökdepe, Kaka, Balkan, Köýtendag kän müdirlikleriniň, Bereket, Galaýmor kän hojalyklarynyň, «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň, «Türkmendemirönümleri», «Nebitmaş» döwlet kärhanalarynyň, ministrligiň  «Demirbetonönümleri» kärhanalarynyň, Ýaşlyk keramzit zawodynyň, Gazbeton öndürýän zawodyň, «Polimer önümleri» zawodynyň, Demir mehaniki kärhanasynyň, şonuň ýaly hem «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň önümleri bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. 

Ýurdumyzda gurluşyklaryň bökdençsiz üpjün edilmegi üçin «Bäherden», «Balkan» we «Lebap» sement zawodlarynda PS 500-GOK TDS 753-2015 we PS 400-GOK  TDS 753-2015 kysymly portland sementleri, sulfata (duza) durnukly bolan PS-400-GOK TDS 752-2015 kysymly portland sementi, aýna önümçiligi kärhanasynyň öndürýän, halkara we içerki bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleri bolan adam saglygy üçin zyýansyz, ýaşaýyş-durmuşyň hemme ugurlarynda ygtybarly ulanylýan, ekologik taýdan arassa önümleri, has takygy ýüzi örtükli aýnalar, laminirlenen aýnalar, aýna paketleri, dürli ölçegli gaplar, hojalyk we lukmançylyk maksatly önümler, «float» tehnologik esasynda öndürilýän termopolirlenen dury we reňkli aýnalaryň taplanan görnüşleri bilen bu ugurdan işleýän ýurdumyzyň raýatlary hem-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylary uly gyzyklanma bilen ýakyndan tanyş boldular. Şeýle hem «Lebap» hem «Bäherden» sement zawodlarynda gurluşygy alnyp barylýan bu zawodlaryň ikinji tapgyrynyň maketleri sergide görkezildi. Ýakyn wagtda gurluşygy tamamlanyp, ulanmaga tabşyrylmagy göz öňünde tutulýan bu zawodlaryň her biriniň bir ýyllyk kuwwatlylygy bir million tonna barabar bolar.

Şeýle hem sergide «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň  12, 16, 18, 20, 22, 25, 28, 32 millimetr ölçegdäki gurluşyk armaturalary, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Nebitmaş» döwlet kärhanasy bilen bilelikde işleýän «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň dürli ölçegli (60х60, 30х40, 30х30) potolok çyralary, hasam kuwwatlylygy degişlilikde, 36, 48 we 96 wata barabar häzirki zaman önümleri bolan LED yşyklandyryjylary hemmeleriň ünsüni özüne çekdi. Şeýle önümleriň elektrik energiýasyny tygşytlaýjylygy, yşyklandyryş möhletiniň uzaklygy hem-de ekologik taýdan arassalygy we ynsan saglygyna zyýansyzlygy bilen tapawutlanýandygy bu ýere gelenlere diýseň ýarady.    Sergide «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň sergä çykaran öýjükli telefonlary, smartfonlary, dürli görnüşli monobloklary, «Zemin» hem «Tolkun» brendli 55, 42 hem-de 32 dýuýmlyk «Smart» telewizorlary, split sowadyjylary, internet ulgamyny paýlaýjylary — routerleri, suwy sowatmaga we gyzdyrmaga niýetlenen kulerleri hem görkezildi we olar oňa gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. 

Şeýle hem Gökdepe, Kaka, Balkan, Köýtendag kän müdirlikleriniň we Bereket, Galaýmor kän hojalyklarynyň senagat-durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň, has oňaýly häzirkizaman ýaşaýyş jaýlarynyň, awtomobil hem demir ýollaryň, estakadalaryň, köprüleriň gurluşyklarynda ulanylýan önümleri bolan 5 – 20 millimetr, 20 – 40 millimetr, 40 – 70 millimetr ölçegdäki daş owuntyklary, owradylyp baýlaşdyrylan çäge, çagyl-çäge garyndylary bu ýere gelenleriň bada-bat ünsüňi özüne çekdi. Şeýle-de sergide goýlan gurlusyklar üçin bezeg serişdeleri bolan Gökdepe etrabyndaky «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde öndürilýän ýokary hilli mermer önümleri ýurdumyzyň giň gerimli gurluşyklarynda isleg bildirilýän, ýokary hilli önümlerden bolup durýar.  

Senagat pudagyny döwrebaplaşdyrmakda hem-de ýokary hilli önümleriň öndürilişinde belent sepgitlere ýetip, ykdysadyýeti senagat taýdan ösdürmekde senagat ulgamynda zähmetiň ylym we tehnika bilen baglylykda guralmagy ýurdumyzyň ykdysadyýetini berkitmekde hem-de bu babatda köpugurly ösüşleri ýola goýup, ýokary netije gazanmaga, halkymyzyň ykdysady hem ýaşaýyş-durmuş meselelerini oňyn çözmäge mümkinçilik berýär. Gazbeton öndürýän zawodyň çig mallary we  gurluşyk serişdeleri ýurdumyzda uly islegden peýdalanýar. 

Gurulýan döwrebap zawoddyr fabrikler bilen birlikde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Ýaşlyk keramzit zawody hem önüm öndürmekde halkymyzyň, raýatlarymyzyň bähbidinden, bildirýän isleginden ugur alýar. Zawodyň esasy maksady ýerli çig mallaryň hasabyna halkara ölçeglerine laýyk gelýän, ýokary hilli keramziti hem-de garamagyndaky santehniki önümlerini öndürýän sehinde santehniki enjamlary öndürmekden, içerki sarp ediş bazaryny şol harytlar bilen üpjün etmekden, edilýän hyzmatlary kämilleşdirmekden hem-de geljekde daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy özara bähbitli ugurlar boýunça ýola goýmakdan we ösdürmekden ybaratdyr. Kärhananyň keramzit çagly we çägesi gurluşyk işlerinde garyndy serişde bolup hyzmat edýär. Bu önüm ýeňil bolup, demirbeton önümleri taýýarlanylanda ulanylýar. Olar ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyk işlerinde, esasan hem, iri panelli jaýlaryň daşky diwarlarynda giňden ulanylýar. Şeýle hem Ýaşlyk keramzit zawodynyň santehniki önümleri öndürýän sehi 4,24 gektar meýdanda ýerleşip, üç sany önümhanany özüne birleşdirýär. Bu önümhanalarda polietilen plýonkaly we alýumin folgaly top görnüşli basyrgy gidroizolýasion materialy bolan izogam, buýrujylaryň sargydy esasynda howa çalşyjy enjamlar, demir gözenekler, derweze, gapy, kese oturgyçlar, aýakly çyralar-torşer, hapa atylýan gaplar öndürilip, olar bu çäräniň dowamynda giňişleýin sergilendi. Şonuň ýaly-da ministrligiň «Polimer önümleri» zawodynyň  önümleri bolan 16 millimetrlikden tä 315 millimetre çenli ölçegdäki turbalaryň dürli görnüşleri, gap-gaçlaryň 150 gramlykdan 800 gramlyga çenli göwrümlileri, iýmit salmaga niýetlenen, bir gezek ulanylýan konteýnerleriň görnüşleri sergä gelenlerde gyzyklanma döretdi.