Gurluşyk we senagat toplumynyň pudaklary ösüşlere beslenýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 24-nji dekabryndaky Permany bilen döredilen Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ilkinji gezek geçirildi. Bu baýram öň her ýylyň oktýabr aýynyň üçünji ýekşenbesinde bellenilýän senagat işgärleriniň gününi çalyşdy. 

Şenbe güni – 6-njy awgustda ýurdumyzda gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni uly ruhubelentlik bilen bellenildi, hünär baýramyna bagyşlanan dabaralar we köpçülikleýin çäreler guramaçylykly, dabaraly ýagdaýda geçirildi. Bulardan başga-da 2022-nji ýylyň 6-7-nji awgustynda bu baýram mynasybetli «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy – 2022» atly halkara sergisi hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. 

Gahryman Arkadaymyzyň «Senagat toplumy halk hojalygynyň öňbaşçysy bolmalydyr, çünki ol pudaklaryň geljekki ösüşi üçin binýat bolup durýar» diýip jaýdar belleýşi ýaly, berkarar döwletimizde milli senagaty ösdürmek, gurluşyk we senagat toplumynyň pudaklaryna maýa goýumlaryny gönükdirmek esasynda täze döwrebap  önümçilik kärhanalaryny  gurmak  hem-de ozal  hereket edýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek we eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, önümçilige sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak, sanly innowasion tehnologiýaly önümleriň önümçiligini ýola goýmak wezipeleri üstünlikli amala aşyrylýar. 

Türkmenistanyň ýetýän belent sepgitlerinde gurluşyk, senagat, energetika, himiýa we ýolgurluşyk pudaklaryna uly orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen gurluşykçylary milli binagärlik däplerimiz esasynda binalaryň, desgalaryň taslamalaryny taýýarlamakda, gurluşygyyň alnyp barlyşyna gözegçilik etmekde bellenen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagyny üpjün etmekde, olarda ýerli gurluşyk serişdelerini ulanmakda baý tejribe topladylar. Pudagyň alyp barýan işleriniň netijesi paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we ähli welaýatlarda gurulýan binalaryň, desgalaryň hilinde aýdyň beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky önümçilik kärhanalary eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklary hem ilatymyzy ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa senagat we gurluşyk önümleri bilen üpjün edýär hem-de pudakda olaryň eksportyny artdyrmak ugrunda ähli zerur bolan işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň 2020 – 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmagy hakynda» Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlarynyň etraplarynda hem şäherlerinde häzirki zaman döwrebap senagat we gurluşyk önümçilik maksatly iri desgalar gurulýar. Bu bolsa ýurdumyzyň senagat pudagyny has-da ösdürmäge hem-de ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berer.  

Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde elektroenergetika ulgamy hem möhüm orun eýeleýär. Ýurdumyzda bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, ony ýokary hilli hünärmenler bilen üpjün etmäge, pudaga dünýäniň ösen tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasyna üstünlikli başlamagy, ýakynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda iň döwrebap tehnologiýalara esaslanýan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. 

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni ýurdumyzyň sarp edijilerini oba hojalyk dökünleri we gazhimiýa önümleri bilen üpjün etmekde netijeli işleri alyp barýar. Pudagyň garamagyndaky täze gurlan himiýa kärhanalarynyň ählisi ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň esasynda döredildi. Himiýa kärhanalarynda öndürilýän önümler diňe bir içerki sarp edijiler üçin däl, eýsem, daşary ýurtlara hem barha artýan möçberde iberilýär. Şol önümleriň hiliniň ýokary, bäsdeşlige ukyply bolmagy Watanymyzyň himiýa senagatynyň pajarlap ösýändigine şaýatlyk edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýolgurluşyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalanýar. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi ýurdumyzyň çäklerinde ýerli we döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda, öňdebaryjy ýolgurluşyk tehnologiýalaryny ulanmak arkaly gurulmagyny üpjün edýär. 

Ýurdumyzda döwlet derejesinde uly ruhubelentlik bilen geçirilen gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni, bu hünär baýramyna bagyşlanan dabaralar hem köpçülikleýin çäreler, 6-7-nji awgustda bu baýram mynasybetli guralan «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy – 2022» atly halkara sergisi hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly ylmy-amaly maslahaty, önümçiligiň öňdebaryjylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan gowşurylan gymmat bahaly sowgatlar Garaşsyz döwletimizde gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine goýulýan belent sarpanyň alamatydyr. 

Aýratyn hem hormatly Prezidentimiziň hünär baýramyna bagyşlanyp geçirilen «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy – 2022» atly halkara sergä we «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy görkezilen çärelere gatnaşyjylar tarapyndan uly şatlyk-şowhun bilen kabul edildi. Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna ýüzlenme kabul etdiler  we olar özleri barada edýän aladalary üçin Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.