Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan yglan edilen açyk görnüşli halkara bäsleşiginiň möhleti uzaldyldy
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan 2022-nji ýylyň 4-nji iýulynda «Нейтральный Туркменистан» gazetinde yglan edilen Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýyllyk kuwwatlylygy 50 000 tonna barabar bolan kalsit öndürýän önümhanany gurmak boýunça açyk görnüşli halkara bäsleşiginiň möhleti ýene-de 20 (ýigrimi) iş senenama gününe çenli uzaldyldy.
Bäsleşigiň galan şertleri üýtgewsiz galýar. Teklipler aşakdaky salgyda kabul edilýär:
Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 132-nji jaý, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirligi.
Görkezilen bäsleşigiň möhletiniň uzaldylandygy baradaky bildiriş «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň 2022-nji ýylyň 20-nji awgustyndaky №216 (30249) sanynda çap edildi.
Goşmaça maglumatlary almak üçin telefon belgileri:
39-00-17, 39-00-19, 39-00-21.