Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyklaryň ýagdaýy bilen tanyşdy

Şu ýylyň 23-nji awgustynda irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyz boýunça uçuşy amala aşyryp, täze alnyp barylýan gurluşyklaryň ýagdaýy hem-de Aşgabadyň durmuş düzümini mundan beýläk-de toplumlaýyn kämilleşdirmegiň taslamalary bilen tanyşdy. 

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary, ilki bilen, S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkezine hem-de Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli bolan häzirki zaman lukmançylyk merkezlerine tarap ugur aldy. Paýtagtymyzyň şu künjeginde ugurdaş desgalaryň iri toplumy döredildi. Munuň özi ýurdumyzyň iň ýokary gymmatlygy hökmünde yglan edilen adamlaryň saglygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendigini görkezýär. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde Halkara newrologiýa hem-de Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezleriniň ýanaşyk ýerleri, saglygy goraýyş ulgamynyň üstüni ýetirjek 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň gurulmagy teklip edilýän çäkleri bilen tanyşdy. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz dikuçardan Aşgabadyň günorta künjegindäki ajaýyp ýerleriniň birinde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyny, bu ýerde ýaýbaň­landyrylan giň möçberli gurluşyk işlerini, dag etekleriniň abadanlaşdyrylyşyny we döredilen tokaý zolaklarynyň aýratynlyklaryny synlady. 

Arkadagly Serdarymyz uçuşyny dowam edip, Aşgabadyň häzirki zaman işewürlik merkeziniň kemala gelýän ýerindäki desgalaryň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşdy. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, bu ýerde ýerleşýän özboluşly binagärlik aýratynlygy bolan Döwletliler köşgüniň binalarynyň durkuny täzelemek, doly döwrebaplaşdyrmak boýunça ýaýbaň­landyrylan işler batly depginlerde dowam edýär. 

Döwlet Baştutanymyz dikuçardan Aşgabatda ýaýbaň­landyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi bilen tanşyp, paýtagtymyzyň merkezinde gurulýan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binasynyň hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň paýtagtymyzdaky desgalar toplumynyň üstüni ýetirjek 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň gurluşygynyň barşyny synlady. 

Şeýle-de, Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda döredilen «Daşkent» dynç alyş seýilgähini, Aşgabadyň demirgazyk künjegindäki desgalar toplumyny, bu ýerde güýçli depginde gurulýan iri söwda merkeziniň hem-de paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurulýan söwda merkeziniň gurluşyklarynyň ýagdaýyny hem synlady. 

Soň­ra Arkadagly Serdarymyz uçuşyny dowam edip, iri «Parahat» ýaşaýyş toplumlarynda alnyp barylýan işleriň depginine ünsi çekdi. Bu ýerde dürli maksatly desgalaryň, şol sanda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy dowam edýär. Munuň özi ýurdumyzda şähergurluşyk strategiýasynyň durmuş düzüminiň ileri tutulýandygyna şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň günbatar künjegine tarap ugur aldy we uçuş belentliginden Büzmeýin etrabynyň çäginde gurlan dürli maksatly binalary, häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ýaşaýyş jaý toplumlaryny synlady. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň üstünden uçuşy tamamlap, paýtagtymyzyň Arçabil şaýolunyň we Nurmuhammet Andalyp köçesiniň çatrygynda ýerleşýän köp zolakly awtomobil köprüsiniň ýanynda gurluşygy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň ýerleşjek ýerlerine degişli şekil taslamalary bilen tanyşdy. 

Şeýle hem Döwlet Baştutanymyza paýtagtymyzyň çäklerinde gurulmagy göz öňünde tutulyp hödürlenen taslamalaryň aýratynlyklary barada hasabat berildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryndan ugur alyp, şäherdäki awtomobil köprüleri, olaryň ulanylyş aýratynlyklary, ýerasty geçelgeleriň bezeg işleriniň görnüşleri, ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada gi­ňişleýin hasabat berdi. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän Baş baýdak meýdançasynyň durkuny täzelemek boýunça teklip edilýän meýilnamalar, bu desganyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak we onuň çägini gi­ňeltmek boýunça birnäçe şekil taslamalarydyr çyzgylar bar. Şeýle-de, wise-premýer paýtagtymyzyň günorta künjeginde, Köpetdagyň etegindäki özboluşly belentlikde gurlan Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginde alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, wise-premýer döwlet Baştutanymyza Bitarap Türkmenistan şaýolunyň günbatar tarapynda gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähiň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we teklip edilýän desgalar barada maglumat berdi. Paýtagtymyzyň Gurbansoltan eje şaýolunyň ugrunda häzirki zaman desgalarynyň gurluşygy meýilleşdirilýär. Hasabatyň dowamynda hormatly Prezidentimize bu ýerde gurulmagy göz öňünde tutulýan ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary, şeýle-de Mäti Kösäýew köçesiniň ugrunda gurulmagy teklip edilýän ýaşaýyş jaýlarynyň şekil taslamalary görkezildi. Mundan başga-da, paýtagtymyzyň çäginde ýerasty suwlaryň derejesini peseltmek hem-de lagym we ýagyn suwlaryny akdyryjy ýerasty zeýkeş ulgamlarynyň taslamalary barada habar berildi hem-de degişli desgalaryň taslamalary görkezildi. Hormatly Prezidentimiz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olaryň häzirki döwrüň ruhuna we paýtagtymyzyň okgunly ösüşine kybap gelmelidigine ünsi çekdi. 

Bulardan başga-da, paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş ulgamyna degişli käbir desgalar, hususan-da, 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkezi barada hasabat berildi. Bu desga Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzümine girer. Bu ýerde hassa çagalara ýokary hilli we dünýä ül­ňülerine doly laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlary ýerine ýetiriler. Şeýle-de, «Köşi» ýaşaýyş toplumynda gurulmagy meýilleşdirilýän Stomatologiýa merkezi we «Çoganly» ýaşaýyş toplumynyň çäginde 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň ýerleşdirilmeginiň göz öňünde tutulýandygy barada hasabat berildi. 

Arkadagly Serdarymyz Halkara pediatriýa merkeziniň we Stomatologiýa merkeziniň binalaryny gurmak boýunça halkara bäsleşigi yglan etmek barada tabşyryk berdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň täze, döwrebap binalar toplumyny, şeýle hem Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýanyndaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezini gurmaga degişli tabşyryklary berdi we degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz iş saparyny tamamlap, onuň jemleri boýunça ýerine ýetirilmeli işler barada anyk wezipeleri goýdy. 

Ýurdumyzda, şol sanda Aşgabat şäherinde gurulýan dürli maksatly döwrebap binalaryň gurluşygynda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň köp böleginiň Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalary tarapyndan öndürilýändigini we giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklaryň bu önümler bilen bökdençsiz we ýeterlik derejede üpjün edilýändigini aýratyn bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň ýakyndan berýän hemaýat-goldawlary netijesinde gurluşyk önümçiligi pudagynda häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan senagat kärhanalary gurulýar, öňden bar bolanlarynyň durky täzelenilýär, önümleriň görnüşleri we möçberleri artdyrylýar. Pudakda gurluşyk önümleriniň hiline we olar bilen gurluşyklaryň ýeterlikli üpjün edilmegine üns berilmegi bilen, desgalaryň öz wagtynda talaba laýyk hilde ulanylmaga berilmegine uly goşant goşulýar.