Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan yglan edilen açyk görnüşli halkara bäsleşiginiň möhleti uzaldyldy
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan 2022-nji ýylyň 4-nji iýulynda «Нейтральный Туркменистан» gazetinde yglan edilen Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýyllyk kuwwatlylygy 50 000 tonna barabar bolan kalsit öndürýän önümhanany gurmak boýunça açyk görnüşli halkara bäsleşiginiň möhleti ýene-de 10 (on) iş gününe çenli uzaldyldy.
Bäsleşigiň galan şertleri üýtgewsiz galýar. Teklipler aşakdaky salgyda kabul edilýär:
Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 132-nji jaý, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirligi.
Görkezilen bäsleşigiň möhletiniň uzaldylandygy baradaky bildiriş «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabryndaky 247-nji (30279) sanynda çap edildi.
Goşmaça maglumatlary almak üçin telefon belgileri: 39-00-33, 39-00-17, 39-00-19, 39-00-21.