Milli Garaşsyzlygymyzyň miweleri. Türkmenistanyň elektroenergika ulgamynda gazanylanlar
2022-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Aşgabat şäher häkimliginde Gahryman Arkadagymyzyň ýazan, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň elektroenergetika pudagynda gazanylanlar hakynda jikme-jik beýan edýän «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly kitabynyň neşir edilmegi mynasybetli bu kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Hemmelerde buýsanç duýgusyny döreden bu kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degşli orunbasary, şonuň ýaly-da gurluşyk, senagat we gurluşyk önümçiligi, elektroenergetika pudaklarynyň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň ýolbaşçylary we beýleki işgärleri gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik dünýäsi, onuň halkymyza ýetirýän çuňňur many-mazmuna ýugrulan filosofiki eserleri, dünýä ýaly giňiş pikir ummany, has takygy hormatly Arkadagymyzyň täze ýazan «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly kitabynyň gymmaty, kitapda beýan edilýän türkmen energetika ulgamy, onuň şu güni, geljekde ösdürmegiň mümkinçilikleri hakynda gyzykly gürrüň berdiler. Şeýle hem: «Elimizdäki bu kitaba Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary we mugallymlary bilen duşuşugynda sözlän sözi girizilip, onda häzirki wagtda özüniň elektrik energiýasyna bolan isleglerini doly kanagatlandyrýan, şonuň ýaly-da elektrik energiýasyny daşary ýurtlara hem eksport edýän eziz Diýarymyzda bu ugurda gazanylanlar öz beýanyny tapýar» diýip bellediler.
Türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilen bu ajaýyp kitabyň sahypalarynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda kuwwatlylygy 6943,2 megawat bolan elektrik stansiýalarynyň 12-siniň, turbina desgalarynyň 51-isiniň, gaz turbinalarynyň 39-ysynyň, bug turbinalarynyň 12-siniňgurlandygy we häzirki günde hereket edýändigi barada bagtyýar halkymyza, öz okyjylaryna giňişleýin ýetirilýär. Gahryman Arkadagymyz döredijilik ýolunda halkymyza peşgeş beren beýleki gymmatly kitaplarynda bolşy ýaly, çeper beýan edilişi bilen bir hatarda milli aýratynlygy, çuňňur many-mazmuny, döwrebaplygy, beýan ediliş aýratynlyklary, her bir sözüniň ýürekden çykýanlygy bilen ýüreklere ýol salýandygy bilen tapawutlanýan bu kitabynda hem ýurdumyzyň elektroenergetika ulgamynda geçilen ýollar, «Türkmenistanyň elektrik energiýasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasynyň» amala aşyrylyşy, Ahal, Balkan, Lebap, Daşoguz, Mary welaýatlaryndaky, paýtagtymyzdaky dürli kuwwatlykly gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň gurlup ulanmaga berlişi, olaryň ähmiýeti barada beýan edýän bu kitabyň artykmaç taraplary, ýurdumyzda elektrik energiýasynyň sarp edilişi, eksporta iberilişi, eziz Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň ýokarlanmagyndaky orny barada düýpli gürrüňler edildi.
Dabaranyň dowamynda şeýle hem ýurdumyzyň ösüşli ýollaryna ýetilmeginde nusgalyk ýolgörkeziji bolan hormatly Arkadagymyzyň şeýle çuň many-mazmunly kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagy, Arkadagly Serdarymyz Serdar Berdimuhamedowa hem ýurdumyzyň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine geljekde amala aşyrjak beýik işlerinde rowaçlyklar arzuw edildi.