Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öň yglan edilen açyk görnüşli halkara bäsleşiginiň möhleti uzaldyldy

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan 2022-nji ýylyň 3-nji noýabrynda «Нейтральный Туркменистан» gazetinde Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde laminat düşegini öndürýän önümhananyň taslamasyny düzmek we ony doly taýýar edip gurup tabşyrmak şerti bilen gurmak barada öň yglan edilen açyk halkara bäsleşiginiň möhleti ýene-de 20 (ýigrimi) iş gününe çenli uzaldyldy.

Bäsleşigiň beýleki şertleri üýtgewsiz galýar.

Teklipler aşakdaky salgyda kabul edilýär:

Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 132-nji jaý, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirligi.

Görkezilen bäsleşigiň möhletiniň uzaldylandygy baradaky bildiriş «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň 2022-nji ýylyň 26-njy dekabryndaky №334 (30366) sanynda çap edildi.

Goşmaça maglumatlary almak üçin telefon belgileri: 39-00-33,     39-00-17, 39-00-19, 39-00-21.