Türkmen aýnasynyň önümçiligini artdyrmak meselesi üns merkezinde

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda alyp barýan öňdengörüjilikli ykdysady strategiýasynyň esasynda ýurdumyz uly ösüşleri gazanýar we senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna ynamly goşulýar. Ýurt Baştutanymyzyň başda durmagynda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. 

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 23-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan garamagyndaky kärhanalary zerur bolan çig mal serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda öndürilýän önümler bilen diňe içerki sarp edijileriň üpjün edilmän, eýsem aýna önümleriniň daşary ýurtlara hem iberilýändigi barada belledi. 

«Türkmen aýna önümleri» kärhanasy ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap önümleri bilen tapawutlanýan iri senagat kärhanalarynyň biridir. 2018-nji ýylyň 14-nji fewralynda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe senagat zolagynda açylyp ulanmaga berlen bu kärhananyň önümçilik kuwwatlylygy 7,2 million inedördül metr aýna önümleriniň we 14 400 tonna çüýşe gaplarynyň önümçiligine barabardyr.

«Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda öndürilýän aýna önümleri häzirki güne çenli Ukraina, Özbegistan, Täjigistan Respubikalaryna,  Owganystan Yslam Respublikasyna, şeýle hem Gyrgyz Respublikasyna eksport edilýär. Ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýan dürli maksatly gurluşyklar, halk hojalygynyň pudaklary we ilatymyz aýna hem-de hojalyk we lukmançylyk maksatly çüýşe önümleri bilen üpjün edilýär.   

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bu ugurda goşmaça önümhananyň gurluşygyna başlanylandygy hakynda hem habar berildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ykdysady taýdan has-da ösdürmek, çüýşe önümçiliginiň kuwwatyny artdyrmak, şeýle hem «Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň 2020 – 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmagy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda çykaran Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, 2022-nji ýylyň 29-njy iýulynda hormatly Prezidentimiziň «Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda çüýşe önümlerini öndürýän önümhanany gurmak hakynda» gol çeken Kararyna laýyklykda, gurluşygy alnyp barylýan bu önümhanada bir gije-gündiziň dowamynda 100 tonna çüýşe önümleri öndüriler. Munuň özi aýna we çüýşe önümçiliginiň kuwwatyny has-da ardyrmaga ýardam eder.

Bu durmuşa geçirilýän işler Arkadagly Serdarymyzyň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini giňeltmek we möçberini artdyrmak boýunça öňde goýýan wezipeleriniň amala aşyrylýandygyna güwä geçýär.