Täze jaýlaryň ýalkymy
Garaşsyz Türkmenistanyň şäherlerinde, obalarynda il-ulusyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, raýatlaryň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak milli maksatnamalarymyzyň we strategiýalarymyzyň esasy ugurlaryndan biridir. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, şol sanda Mary welaýatynda hem ýaşamak üçin ýokary amatlykly ýaşaýyş we edara jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň köpçülikleýin gurlup, ulanmaga berilmegi munuň hakykatdan hem şeýledigini görkezýär.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Mary welaýatynda-da dürli maksatly edara hem ýaşaýyş jaýlarynyň ýüzlerçesiniň gurlup ulanmaga berilmegi munuň şeýledigine ýönekeýje mysaldyr. Munuň özi adamlar üçin ýokary ýaşaýyş şertleriniň döredilmegine, döredijilikli işlemek üçin zerur şertler bilen üpjün edilmegine hem-de amatly ýaşaýyş we dynç alyş ulgamynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen adyl syýasatyň oňyn netijesidir.
Şu ýyl hem her ýylyň 27-nji ýanwarda bellenilýän Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda Mary şäheriniň «Mülkbagşy» ýaşaýyş jaýlar toplumynda hersi 4 gatdan ybarat täze ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 40-ysy gurlup ulanmaga berildi. Ýaşamak üçin ýokary amatlykly jaýlaryň 20-isi iki otagly bolup, galan 20-isi hem üç otagly jaýlardyr. Şonuň ýaly-da bu gurlan binalaryň ýanaşyk ýerlerinde oturyp dynç alar ýaly, çagalaryň dürli oýunlary oýnamagy üçin şertler döredilipdir we awtoulag duralgalary göz öňünde tutulypdyr. Bu ýaşaýyş jaýlary Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Marydaky «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan gurlup, olaryň otaglary, gurluşy ellerine açarlary gowşurylan täze ýaşaýjylarynyň ösen isleglerini doly kanagatlandyrýar. Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň otaglary häzirki zaman mebelleri we beýleki hojalyk enjamlary bilen üpjün edilendir. Ellerine täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşurylan Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň Mary şäher bölüminiň işgärleri bu gün diýseň bagtyýardylar. Olar Watan goragçylarynyň güni mynasybetli özleriniň iň bir häzirki zaman, ýaşaýyş üçin ýokary amatlykly jaýlaryň eýesi bolandyklary üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna alkyş baryny aýdýardylar.
Merkezleşdirilen ýylylyk, elektrik, gaz we suw ulgamlary bilen üpjün edilen, ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylan, çagalaryň oýun meýdançalary we sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar göz öňünde tutulan bu binalaryň daş-töwereginde gök zolaklaryň döredilendigi, dürli güller ekilip, häzirki zaman yşyklandyryş ulgamyna birikdirilendigi sebäpli binalar şäheriň gözelligine gözellik goşýar.
Täze ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň jogapkär işgärleri, welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar, gurluşykçylar gatnaşdylar. Şeýle hem welaýatyň medeniýet we sungat ussatlary, döredijilik toparlary aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler.
Bu ýere göçüp gelen bagtyýar maşgalalaryň agzalary täze jaýlaryň açarlaryny buýsanç bilen kabul edip, adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar eden ajaýyp ýurtda bagtly ýaşaýşy üpjün etmäge gönükdirilen durmuş syýasatyny netijeli amala aşyrýan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.