Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan yglan edilen açyk görnüşli halkara bäsleşiginiň möhleti uzaldyldy
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan 2022-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda «Нейтральный Туркменистан» gazetinde yglan edilen Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýyllyk kuwwatlylygy 50 000 tonna barabar bolan kalsit öndürýän önümhanany doly taýýar edip gurup tabşyrmak şerti bilen gurmak boýunça açyk görnüşli halkara bäsleşiginiň möhleti ýene-de 10 (on) iş gününe çenli uzaldyldy.
Bäsleşigiň galan şertleri üýtgewsiz galýar. Teklipler aşakdaky salgyda kabul edilýär:
Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 132-nji jaý, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirligi.
Görkezilen bäsleşigiň möhletiniň uzaldylandygy baradaky bildiriş «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň 2023-nji ýylyň 24-nji ýanwaryndaky 22-nji (30393) sanynda çap edildi.
Goşmaça maglumatlary almak üçin telefon belgileri: 39-00-33, 39-00-17, 39-00-19, 39-00-21.