Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öň yglan edilen açyk görnüşli halkara bäsleşiginiň möhleti uzaldyldy
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan 2022-nji ýylyň 17-nji dekabrynda «Нейтральный Туркменистан» gazetinde Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda we Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde suwly dispersion boýaglary we lak-boýag materiallaryny hem-de gury gurluşyk garyndylaryny öndürýän önümhanalaryň taslamalaryny düzmek we olary doly taýýar edip gurup tabşyrmak şerti bilen gurmak barada öň yglan edilen açyk görnüşli halkara bäsleşiginiň möhleti ýene-de 20 (ýigrimi) iş gününe çenli uzaldyldy.
Bäsleşigiň beýleki şertleri üýtgewsiz galýar.
Teklipler aşakdaky salgyda kabul edilýär:
Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 132-nji jaý, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirligi.
Görkezilen bäsleşigiň möhletiniň uzaldylandygy baradaky bildiriş «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň 2023-nji ýylyň 3-nji fewralyndaky №31 (30402) sanynda çap edildi.
Goşmaça maglumatlary almak üçin telefon belgileri: 39-00-33, 39-00-17, 39-00-19, 39-00-21.