Arassa ahlaklylyk, edep-ekramlylyk hakynda öwüt-ündewler

Ynsaplylygy, ýokary ahlaklylygy, belent ynsanperwerligi özüne ýaran edinen ynsan il arasynda iň bir gowy adamlaryň biri hasap edilýär. Bilşimiz ýaly, ata-eneden perzentlere miras geçýän iň bir asylly gymmatlyklar hem her bir işde ynsaply, ýokary ahlakly bolmak, belent adamkärçiligi ýaran edinmek arkaly gowy işleri durmuşa geçirýän adamyň nusgalyk ýol-ýörelgeleri bolup durýar. Ata-babalarymyz tarapyndan kämil derejä ýetirilen asylly ýörelgeler, däp-dessurlar esasynda jemgyýetimizde ahlak gymmatlyklaryna uly orun bermek, lebzihalallyk, sahylyk, myhmansöýerlik, ynsaplylyk ýaly oňat häsiýetler ähli döwürlerde-de nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginde esasy orunlaryň birini eýelän mowzuklaryň biridir.

Elbetde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybir halkymyz şol ahlak gymmatlyklaryny ýol-ýörelge edinip, olary nesillere ýetirmegi öz mukaddes borjy hasaplaýar. Bu borja hötde gelmekde Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleri ýolgörkeziji şamçyrag bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň, milli Liderimiz bolan Gahryman Arkadagymyzyň jemgyýetimiziň arassa ahlakly, halal zähmet çekýän, maşgala abadançylygyny gorap saklaýan, erbet nogsanlyklardan daşda durmak baradaky öwüt-ündewleri hakynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 3-nji fewralynda geçirilen «Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserlerinde beýan edilýän ahlak ýörelgeleriniň ähmiýeti we gymmatlygy» atly maslahatda çykyş eden Türkmenistanyň il ýaşulusy, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory Nurýagdy Suhanow bu maslahata gatnaşyjylara giňişleýin gürrüň berdi.

Çaganyň tebigy şertlere we durmuş ýagdaýlaryna uýgunlaşyşy, onuň enäniň ündewlerini we göreldesini süňňüne siňdirişi, kiçijik raýatda sypaýyçylyk, dogruçyllyk, erjellik, halallyk ýaly häsiýetleriň kemala gelşi dogrusynda maslahata gatnaşyjylara jikme-jik gürrüň beren mährem ene, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, paýtagtymyzyň 165-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Oraztäç Nuryýewa       türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda öz dilini, dinini, özboluşly däp-dessurlaryny döredendigi, päkizelik, halallyk, asyllylyk, ahlaklylyk baradaky gylyk-häsiýetleri kemala getirişi, watansöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetlerini ösdürip, nesilden-nesle geçirişi baradaky gymmatlyklary hakynda hem durup geçdi.

Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, zähmet weterany Erkin Kösäýew öz çykyşynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlara berilýän üns, halypa-şägirtlik ýolunyň ýöredilişi, ene süýdüne, ata kesbine wepalylyk, lebze ygrarlylyk ýaly gymmatlyklar dogrusynda giňişleýin gürrüň beren bolsa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Gurluşyk we senagat işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygy Geňeşiniň başlygy Rahmandurdy Rahmanow milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda getirilýän mysallara salgylanmak bilen, gaýratlylygyň gözbaşy bolan zähmetsöýerligiň, sowatlylygyň, ylym-bilimiň, şahsy göreldäniň çaga terbiýesine täsiri dogrusynda, nesillere terbiýe bermegiň dürli usullary hakynda giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle hem «Türkmenistanyň senagaty» žurnalynyň redaksiýasy bölüminiň başlygy Abdylhalyk Jumadow, «Aşgabat» gazetiniň jogapkär kätibi Jennet Paşykowa, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, il sylagly ýaşuly Geldimyrat Gurbanow öz çykyşlarynda ýurdumyzda çaga terbiýesi barada alnyp barylýan düýpli işler, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlara döwrebap bilim-terbiýe berilmegi, halypa-şägirtlik ýolunda gazanylanlar, nesilleriň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginde durmuşa geçirilmeler barada düýpli mysallara ýüzlenmek bilen gyzykly gürrüňler berdiler. Gyzykly we şüweleňli geçen wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda oňa gatnaşýanlar bilen içgin pikirler hem alşyldy we maslahatyň soňunda oňa gatnaşýanlar Arkadagly Serdarymyza, hormatly Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler.