«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşigi geçirilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz ägirt uly üstünliklere beslenip, ähli ugurlarda bedew bady bilen beýik ösüşlere barýar. 

Ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden Kararyna laýyklykda 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde giňden belläp geçmäge taýýarlyk görülýär. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzy mundan beýläk-de özgertmek, şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak, beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen, 2024-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly atlandyrmak barada, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup,  Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Karar kabul edildi hem-de 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. 

Pudakda ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan işgärleri höweslendirmek, olaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmek, täze üstünliklere ruhlandyrmak, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmenistanyň senagaty» žurnalynyň redaksiýasy ministrligiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy bilen bilelikde ulgamda zähmet çekýän işgärleriň arasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşigini geçirýär.

Bäsleşige hödürlenen eserlerde Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda durmuşa geçirýän giň gerimli işleri, halkymyzyň agzybirligi, gazanylýan ösüşler wasp edilmelidir. 

Bäsleşik goşgy we makala ýazmak ýaly ugurlar boýunça geçirilýär. 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşigine Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hem-de olaryň edara-kärhanalarynda we guramalarynda zähmet çekýän işgärler goşgularyny ýa-da makalalaryny hödürläp bilerler.

Bäsleşige hödürlenen goşgulara, makalalara ýörite düzülen eminler topary tarapyndan serediler. Bäsleşige iberilen iň gowy goşgular, makalalar «Türkmenistanyň senagaty» žurnalynda çap ediler hem-de onuň ýeňijileri Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, şu ministrligiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň Hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglanar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga isleg bildirýän işgärler öz eserlerini 2024-nji ýylyň 20-nji iýunyna çenli «Türkmenistanyň senagaty» žurnalynyň redaksiýasyna ugratmalydyrlar. Bäsleşige eserleriniň ýany bilen özleri hakyndaky maglumatlary goşmalydyrlar. Bäsleşik 2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda jemlener.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň Düzgünnamasy we jemi baradaky maglumat «Türkmenistanyň senagaty» žurnalynyň sahypalarynda çap ediler     hem-de «Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi» atly saýtda ýerleşdiriler.

Biz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşigine gatnaşyjylara üstünlikler arzuw edýäris!