DÖWLET BAŞTUTANYMYZYŇ DÖREDIJILIK SOWGADY
Şu günler ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hem-de welaýatlaryň häkimliklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlap ýazan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär.
2024-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda hem Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, işgärleriniň, ýaşlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda uly ähmiýetli täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Onda çykyş edenler «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň öňüsyrasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza ajaýyp döredijilik sowgady bolandygyny bellediler. Olar hormatly döwlet Baştutanymyzyň çuň many-mazmuna ýugrulan «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly gymmatly kitabynyň adyndan belli bolşy ýaly, türkmen ýaşlary Watanymyzyň daýanjy. Ýurdumyzyň ösüşlerinde, esasan, ýaşlara bil baglanylýar. Hormatly Prezidentimiz öz eseriniň ilkinji sahypasynda «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip bellemegi hem muňa şaýatlyk edýär diýip aýtdylar.
Berkarar Watanymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ynamly öňe barýar. Bagtyýar ýaşlarymyzyň okamaklary, öwrenmekleri, ylmy açyşlary etmekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Türkmen ýaşlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, özlerine bildirilýän ynama mynasyp jogap bermäge çalyşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitabynda ähli ulgamlarda gazanylan ýeňişler, ýetilen belent sepgitler barada giňişleýin gürrüň berilýär.
Tanyşdyryş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň ilkinji gymmatly kitabynyň «Nurana geljegiň aladasynda» diýen bölüminde «Ýurdumyzyň ýaşlary dürli pudaklarda zähmet çekip, ykdysadyýeti ösdürmekde öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar» diýip nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda bedew bady bilen alnyp barylýan beýik işleriň, giň gerimli gurluşyk we senagat önümçiligi boýunça taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň belent ynamyndan ruhlanan Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzümlerinde zähmet çekýän ýaşlarynyň hem mynasyp paýynyň bardygyna buýsanýandyklaryny bellediler.
Dabaranyň dowamynda uly üstünliklere beslenip tamamlanan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 27-nji dekabrynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlaryň hatarynda berkarar döwletimiziň paýtagty Aşgabat şäherinde dabaraly ýagdaýda geçirilen şanly ýylymyzyň ajaýyp jemlenmesine öwrülen Ýaşlaryň dabaraly maslahatyna we halkara sergisine gatnaşan we çeken zähmetlerine uly baha berlip, Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan ýaşlar hem çykyş edip, bu şanly dabaralaryň özleriniň durmuşynda ýatdan çykmajak şatlykly waka bolandygyny we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bolan ynamyndan, berýän öwüt-ündewlerinden hem-de «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabyndan ruhlanyp, mundan beýläk-de Hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, has tutanýerli we yhlasly işlejekdiklerine, jogapkärçilikli hem netijeli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.
Dabara gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň baý many-mazmunly bu kitabynyň diňe bir ýaşlar üçin ýol-ýörelge bolman, eýsem, ähli ýaşdaky ildeşlerimizde-de uly gyzyklanma döretjekdigine, onda görkezilen ugurlaryň usulyýet hökmünde olaryň her biriniň işinde gymmatly gollanma boljakdygyna berk ynanýandyklaryny belläp, «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitaby üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar hem-de Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak we ata Watanymyzyň gülläp ösmegi hem-de türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin alyp barýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.