Täze ýaşaýyş jaýlary — ömürleriň rahatlygy

Ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ösen ýokary islegleriň talaplaryna mynasyp ýola goýmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belent ynsanperwerlige ýugrulan döwlet syýasatynyň  özenini düzýär. Elbetde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ýerlerinde dürli maksatly kaşaň binalar, döwrebap we ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, ylym, bilim hem medeniýet ulgamynyň ymaratlary, halk hojalygynyň iri kärhanalary we beýleki desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Bu uly möçberli gurluşyklaryň alnyp barylmagynyň esasy ugurlary ilkinji nobatda mähriban halkymyzyň amatly ýaşaýyş we durmuş şertlerini üpjün etmekden, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi gülledip ösdürmekden ybaratdyr. 

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ähli ýerlerinde giň gerimde alnyp barylýan gurluşyk-binagärlik işlerine türkmen gurluşykçylary, şol sanda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Demirbetonönümleri» zawodlarynyň we «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasynyň zähmetsöýer işgärleri hem mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olaryň diňe bir demirbeton önümlerini öndürmek bilen çäklenmän,  eýsem durmuş-medeni maksatly binalaryň hem köp sanlysyny gurandyklaryna we gurýandyklaryna adamlar şaýatdyr.

Golaýda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarydyr işgärleriniň bir topary üçin ýatdan çykmajak günleriň biri boldy. 27-nji ýanwarda — Watan goragçylarynyň gününiň dabaraly bellenilýän günlerinde olar täze jaý toýlaryny toýladylar. Şeýle bagta mynasyp bolan Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň, prokuraturasynyň we kazyýetiniň işgärleri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýdýarlar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji aýynda Zerger «Demirbetonönümleri» zawodynyň Türkmenabat şäheriniň çäklerinde guran 12 sany 2 gatly 6 otagly ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşurylan polisiýa işgärleriniň şatlygynyň çeni-çaky ýokdy. Şonuň bilen bir wagtda Türkmenabat şäheriniň «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasynyň işgärleriniň bu şäheriň çäklerinde guran 10 sany 2 gatly 6 otagly ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryna eýe bolan asudalygyň goragçylary täze jaý toýlary mynasybetli saçaklaryny giňden ýazdylar.

Türkmenabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň guran, şäheriň diýseň göze gelüwli şähergurluşygyna sazlaşýan 12 sany 2 gatly 6 otagly ýaşaýyş jaýlary hem polisiýa işgärleriniň maşgala agzalaryny az begendirmedi. Olar özleriniň döwlet tapan bu asylly işlerinde mundan beýlägem ata Watanyň wepaly ogullary hökmünde asudalygyň goragynda gijesini gündiz edip durjakdyklaryna kasam etdiler.

Bu baýramçylyk günleri Lebap welaýat prokuratura we kazyýet işgärleri üçin hem iň bir toýly günleriň biri boldy. Şol gün Türkmenabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň şäheriň Fabrik kiçi etrapçasynyň çäginde guran täze 2 sany 4 gatly 16 öýli jaýlarynyň açarlarynyň kazyýet işgärlerine gowşurylan bolsa, Lebap welaýat prokuraturasynyň işgärlerine hem 2 sany 4 gatly, 16 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşurylandygy olar üçin bu güni ýatdan çykmajak günleriň birine öwürdi.

Şeýle hem Mary «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň edermen gurluşykçylary Mary — Aşgabat awtomobil ýolunyň ugrunda jemi 42 sany 2 gatly 4 otagly täze ýaşaýyş jaýlaryny gurup ulanmaga berdiler. Bu ýerde täze, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň eýeleri bolan Mary welaýat polisiýa müdirliginiň işgärleri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we döwlet baştutanymyz hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Täze jaýlaryň hemmesi ýylylyk, elektrik, gaz, lagym we suw ulgamy bilen üpjün edilendir. Binalaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylyp, çagalaryň oýun meýdançalary we sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar göz öňünde tutulandyr. Bu ýerler gök zolaklar döredilip, dürli güller oturdylandygy, häzirki zaman yşyklandyryş ulgamy çekilendigi bilen hem ünsüňi özüne çekýär. 

Täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralaryna ýerli welaýat we şäher, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpüçlikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulular, ýaşlar, bu binalaryň gurluşyklaryna mynasyp goşantlaryny goşan gurluşykçylar we beýlekiler gatnaşdylar. 

Dabarada çykyş edenler bu ýere ýygnananlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ruhuna mynasyp buýsançly waka bilen gyzgyn mübäreklediler hem-de täze öýlere göçüp gelen bagtyýar maşgalalara abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler. Aýratyn hem ähli amatlyklary bolan täze jaýlara göçüp gelmek bagty miýesser eden maşgalalaryň agzalary halkymyzyň ýaşaýyş we durmuş derejesiniň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly meselelere yzygiderli üns berýändigi üçin Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar. Olar Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, halkymyzyň hem-de Watanymyzyň abadançylygynyň bähbitlerine alyp barýan giň möçberli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler. 

Şeýle hem täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary mynasybetli guralan medeni-köpçülikleýin çäreleriň dowamynda gurluşyk işlerinde has tapawutlanan işgärlere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.