Ýylyň jemi: ugur ýokary üstünliklere sary

2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar  Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde 2023-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi, wise-premýerleriň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň ýylyň jemi baradaky hasabatlary diňlenildi hem-de  Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary öz gözegçilik edýän gurluşyk, senagat we energetika pudaklary, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni,  Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi  hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň  netijeleri hakynda hormatly Prezidentimize hasabat berdi.

     Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň edara-kärhanalary tarapyndan ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklary gerek bolan gurluşyk önümleri bilen üpjün etmek, önümleriň çykarylýan möçberini we görnüşlerini artdyrmak, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek hem-de daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmek, şeýle-de daşary ýurtlara eksport edilýän önümleriň möçberini we hilini ýokarlandyrmak boýunça ähli zerur bolan işler durmuşa geçirilýär. 

2023-nji ýylyň ýanwar – dekabr aýlarynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça önümleri öndürmegiň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 110 göterim berjaý edildi. 

Ministrlik boýunça şeýle uly zähmet üstünlikleriniň gazanylmagyna onuň garamagyndaky edara-kärhanalar mynasyp goşantlaryny goşdular. Hasabat döwründe sement zawodlary tarapyndan 2 911,5 müň tonna sement öndürilip, ösüş depgini 100,8 göterime barabar boldy. 2023-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda kän müdirliklerinde 9 587,3 müň m3 magdan däl gurluşyk materiallary öndürildi we 102,1 göterim ösüş depgini gazanyldy. Tutuş ministrlik boýunça gurnama demirbeton önümleriniň öndürilişiniň meýilnamasy 107,5 göterim ýerine ýetirilip, 107,2 göterim ösüş depgini gazanyldy. Keramzit öndürmegiň meýilnamasy 100,0 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini hem 101,0 göterime barabar boldy.   «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda sozulan metaly öndürmegiň meýilnamasy 100,9 göterim ýerine ýetirilen bolsa, ösüş depgini 100,1 göterime deň boldy. «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti boýunça gurluşyk üçin bezeg serişdeleriniň öndürilişiniň meýilnamasy 104,6 göterime, ösüş depgini hem 101,0 göterime barabar boldy.

Demirbeton önümlerini öndürýän kärhanalardan Aşgabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda önümçilik meýilnamasy 102,3 göterim ýerine ýetirilip, 101,9 göterim ösüş gazanyldy. Daşoguz şäheriniň «Demirbetonönümleri» zawodynda önümleriň öndürilişiniň meýilnamasy 103,7 göterim ýerine ýetirildi we  118,9 göterim ösüş depgini gazanyldy. Marynyň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda bu görkezijiler degişlilikde 110,5 we 129,7 göterime deň boldy. Zerger «Demirbetonönümleri» zawodynda önümçilik meýilnamasy 130,0 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini hem 126,8 göterime barabar boldy. «Demir mehaniki» kärhanasynda önümçilik meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi 100,0 göterime deň bolan bolsa, onuň ösüş depgini 100,1 göterime barabar boldy. 

Magdan däl gurluşyk materiallaryny öndürýän kärhanalardan Gökdepe kän müdirliginde önümçilik meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi 115,9 göterime barabar bolup, ösüş depgini 100,6 göterime deň boldy. Köýtendag kän müdirliginde önümçilik meýilnamasy 100,1 göterim ýerine ýetirilip, işleriň ösüş depgini 119,5 göterime barabar boldy. Galaýmor kän hojalygynda önümçilik meýilnamasynyň ýerine ýetirlişi 103,1 göterime we ösüş depgini hem 121,1 göterime deň boldy. 

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň agzybir işgärleriniň mundan beýläk hem hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipelerini we kabul eden maksatnamalaryny ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny has-da ösdürmek ugrunda yhlasly zähmet çekip, 2024-nji ýylda uly zähmet üstünliklerini gazanjakdyklaryna ynanýarys we olara üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.