Maksatlar belent, wezipeler aýdyň
Şu günler ýurdumyzyň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda «Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde döwletiň we jemgyýetiň bilelikdäki tagallalarynyň ähmiýeti» ady bilen geçirilýän maslahatlar giň gerime eýe bolýar. 2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde öňde goýlan möhüm wezipelere bagyşlanan şeýle maslahat şu ýylyň 27-nji fewralynda Gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan hem guraldy. Maslahata toplumyň düzümine girýän ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan ykdysady, senagat, önümçilik häsiýetli maksatlary durmuşa geçirmek babatda gymmatly maslahatlaryny berendigini aýratyn nygtadylar. Bellenilişi ýaly, ýurduň içerki mümkinçiliklerini doly ulanmak bilen, döwletimiziň durnukly ösmegini üpjün etmek boýunça pudaklaryň we sebitleriň ösüşine gönükdirilen çäreleri öz içine alýan maksatnamada önümçilik kärhanalarynyň kuwwatlyklarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmagyň, gaýtadan işleýän senagaty ösdürmegiň, eksporty artdyrmagyň, importyň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmegiň möhüm wezipeleriň hatarynda görkezilendigini bellediler.
Maslahatda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda maýa goýumlaryň esasy ugurlarynyň, esasan, senagat pudaklaryny ösdürmek, innowasion we gaýtadan işleýän kärhanalary, täze önümçilikleri döretmek, oba hojalygyny özgertmek, azyk üpjünçiligini has-da gowulandyrmak bilen bagly bolmagy önümçilik işlerine uly ähmiýet berilýändigini görkezýär. Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň barha artýandygy hem-de hil babatda dünýä ölçeglerine laýyk gelýändigi, netijede geçen ýyllar bilen deňeşdirilende, 2023-nji ýylda öndürilen senagat önümleriniň möçberiniň 3 esseden gowrak köpelendigi hem mejlisde guwanç bilen bellenendigi aýdyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki taryhy çykyşyna esaslanyp, raýat-hukuk gatnaşyklary baradaky kanunçylygy kämilleşdirmek, döwre görä emläk, eýeçilik, şertnama-hukuk, hukuk kömegini bermek, ulag we logistika, pudaklarda sanly hyzmatlary ösdürmek, kärhanalaryň işlerini, harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, hereket edýän kanunçylyk namalaryny mundan beýlägem kämilleşdirmek, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda alnyp barylmaly işler we beýlekiler maslahatda edilen çykyşlaryň özenini düzdi.
Maslahatda çykyş eden pudak ýolbaşçylary, bölüm başlyklary we beýlekiler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, hormatly Prezidentimiziň adyna il bähbitli, ýurt ähmiýetli, halkara derejesinde durmuşa geçirýän uly çäreleri mundan beýlägem durmuşa geçirmekde üstünlikler, her bir işde rowaçlyklar, belent başlarynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.