Bagtyýar maşgalalara baýramçylyk sowgatlary
Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ösen ýokary islegleriň talaplaryna görä ýola goýmak, raýatlary ýokary amatlykly, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynda ýaşatmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Netijede ýurdumyzda her bir maşgalanyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirilýän işler barha rowaçlanýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli künjeginde dürli maksatly kaşaň binalar, döwrebap we ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, ylym, bilim hem medeniýet ulgamynyň ymaratlary, halk hojalygynyň iri kärhanalary we beýleki desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Bu uly möçberli gurluşyklaryň alnyp barylmagynyň esasy ugurlary ilkinji nobatda mähriban halkymyzyň amatly ýaşaýyş we durmuş şertlerini üpjün etmekden, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi gülledip ösdürmekden ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiziň bu babatdaky tagallalarynyň barha rowaçlanýandygynyň anyk mysaly hökmünde ýurdumyzda giňden we ruhubelentlik bilen bellenilýän şanly baýramlaryň öň ýanyndaky günlerde berkarar döwletimiziň çar künjeginde dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilýän döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny guwanç bilen agzamak ýakymlydyr.
Ýurdumyzyň çäginde giň gerimde alnyp barylýan binagärlik işlerine türkmen gurluşykçylary, şol sanda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň demirbeton önümlerini öndürýän kärhanalarynyň zähmetsöýer gurluşykçylary hem mynasyp goşant goşýarlar. Olar bu gurluşyk önümlerini öndürmek bilen bir hatarda, öz önümlerini ulanmak bilen gurluşyk işlerini hem alyp barýarlar.
2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji aýlarynda ministrligiň kärhanalarynyň potratçylyk etmeginde gurlan dürli maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşyklary ýokary depginler bilen alnyp baryldy.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň Halkara zenanlar gününiň şatlyk-şagalaň bilen bellenilýän günlerinde hem ýurdumyzda täze döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralaryna uly orun berildi. Bu baýramçylyk günlerinde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň gözel künjeginde 1 sany 4 gatly 64 öýli ýaşaýyş jaýy açylyp ulanmaga berildi. Ähli amatlyklary bolan bu ýaşaýyş jaýy Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Aşgabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň ussat işçi-hünärmenleri tarapyndan guruldy.
Şeýle döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň ýene-de birnäçesi, ýagny ministrligiň Büzmeýin etrabyndaky «Demirbetonönümleri» kärhanasy tarapyndan Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesiniň günbatarynda gurlan 1 sany 4 gatly 48 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy hem-de Daşoguz şäheriniň «Demirýbetonönümleri» zawodynyň Daşoguz şäheriniň A.Nyýazow köçesiniň ugrunda demirýol işgärleri üçin guran 4 sany 4 gatly 16 öýli ýaşaýyş jaýlary dabaraly açylyp, olaryň açarlary bagtyýar maşgalalara gowşuryldy.
Täze jaýlaryň hemmesi ýylylyk, elektrik, gaz, lagym we suw ulgamy bilen üpjün edildi. Binalaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylyp, çagalaryň oýun meýdançalary we sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar göz öňünde tutuldy. Bu ýerde gök zolaklar döredildi, dürli güller ekildi, häzirki zaman yşyklandyryş ulgamy çekildi. Jaýlardaky öýleriň otaglary ýokary derejede enjamlaşdyryldy we onuň gurluşygynda ekologiýa taýdan arassa serişdeler ulanyldy. Aşhana otagynda we beýleki kömekçi otaglarda hem oňaýly şertler göz öňünde tutuldy. Şoňa görä-de, dabaralarda täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna gatnaşan gurluşykçy-hünärmenleriň adyna öwgüli sözler aýdylyp, tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Welaýat, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleriniň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap Halk maslahatlarynyň agzalarynyň, edara-kärhanalaryň zähmetkeşleriniň, ýaşulularyň, mährem eneleriň, şeýle-de bagtyýar maşgalalaryň gatnaşmagynda geçirilen täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralarynda ajaýyp waka mynasybetli gutlag çykyşlary aýdyldy, medeni-köpçülik çäreleri geçirildi.
Dabaralara gatnaşanlar bagtyýar maşgalalara täze jaýdan öýleriň açarlarynyň gowşurylan pursatlaryna uly buýsanç bilen şaýat boldular. Açarlary maňlaýyna sylan bagtyýar maşgala agzalary şeýle şatlykly pursatlary peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň adyna päk ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.