Gurluşyk önümçiligi pudagynyň kuwwatly kärhanasy ulanmaga berildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň gurluşyk önümçiligi pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, onuň kuwwatyny yzygiderli artdyrmak, ýerli çig mal serişdelerinden peýdalanmak bilen dünýä ülňülerine laýyk gelýän hem-de içerki we dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan önümleri öndürýän, täze tehnologiýalar, döwrebap tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyrylan senagat kärhanalaryny gurmak hem-de öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň görnüşlerini artdyrmak boýunça möhüm taslamalar durmuşa geçirilýär.
2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwlet Baştutanymyzyň pähim-parasadyndan, asylly işlerinden, beýik maksatlaryndan ruhlanýan halkymyzyň her bir güni toýdur baýrama, zähmet üstünliklerine beslenýär. Ýurdumyzda il-ulsuň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, yzygiderli ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak döwlet syýasatynyň baş maksatlarynyň biri bolup, ol üstünlikli amala aşyrylýar. Hut şonuň üçin-de, ata Watanymyz bütin dünýäde arzuwlaryň wysala, maksatlaryň myrada gowuşýan ajaýyp mekany hökmünde tanalýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän ýaşaýyş jaýlar, desgalar, senagat kärhanalary döwletimiziň ykdysady kuwwatyny, halkymyzyň döredijilikli üstünliklerini görkezýär.
Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 13-nji martynda ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň Köýtendag etrabynda «Lebap» sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyp ulanmaga berilmegi hem subut edýär.
Sebitiň we ýurdumyzyň ähli ilaty üçin ähmiýetli bolan waka mynasybetli bu ýere Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň wekilleri, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Lebap welaýatynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de jemgyýetçilik wekilleri ýygnandylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän «Lebap» sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylýandygyny belledi we hemmeleri bu şatlykly waka bilen tüýs ýürekden gutlady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagy Diýarymyzda alnyp barylýan gurluşyklary hem-de ilatymyzy zerur bolan ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen üpjün edýär» diýip aýtdy. Çykyşda bellenilişi ýaly, döwletimiziň gurluşyk senagatyny ösdürmäge gönükdirýän maýa goýum serişdelerini netijeli özleşdirmäge, kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze, häzirki zaman innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan, ýylda 1 million tonna ýokary hilli sement önümini öndürjek «Bäherden» sement zawodynyň ikinji tapgyryny hem işe girizmek göz öňünde tutulýar.
Sement – gurluşyk üçin iň zerur önümdir, ýagny sement önümi döwlet maksatnamalarymyz we Türkmenistanyň Prezidentiniň kararlary esasynda ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýan dürli maksatly gurluşyklaryň ýokary hilde we bellenen möhletlerinde ýerine ýetirilmeginde esasy gurluşyk serişdesidir. Şunuň bilen baglylykda sement önümçiligi pudagyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda gurlup ulanmaga berlen «Bäherden», «Balkan» we «Lebap» sement zawodlarynda täze innowasion tehnologiýalaryň esasynda dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän, şol sanda sulfata (duza) durnukly ýokary hilli sement önümleri öndürilýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda öndürildi» diýen belgili sement önümlerine diňe bir içerki bazarlarymyzda däl, eýsem, dünýä bazarlarynda hem uly isleg bildirilýär.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2013-nji ýylyň fewralynda açylan «Lebap» sement zawody bu ugurda nusgalyk önümçilik desgasydyr. Bu iri kärhana täze iş orunlaryny döretmek bilen bir hatarda, diňe bir sebitiň däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň hem durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine goşant goşýar.
Täze gurlan «Lebap» sement zawodynyň ikinji tapgyry hem innowasion tehnologiýalar we enjamlar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap kärhana bolup, onuň önümçilik kuwwaty ýylda 1 million tonna dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli sementi öndürmäge niýetlenendir. Netijede tutuşlygyna «Lebap» sement zawodynyň ýyllyk önümçilik kuwwatlylygy 2 million tonna barabar bolar. Bu bolsa eziz Diýarymyzyň senagat önümçiliginiň depgininiň has-da ýokarlanjakdygynyň görkezijisidir.
Bu döwrebap zawod Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasynda «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti tarapyndan guruldy. Zawodda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň kämil enjamlary ornaşdyryldy we olar önümçiligiň ýokary derejede alnyp barylmagyna mümkinçilik berýär. Zawod 38 sany binalardan we desgalardan ybarat bolup, ol 37,5 gektar meýdany tutýar. Kärhana dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän PS 500-GO-K, PS 400-GO-K, PS 600-GO-K, PS 400-G20-K, PS 500-G20-K kysymly portlandsement hem-de sulfata (duza) durnukly bolan SDPS 400-GO-K kysymly portlandsement öndürmäge ukyplydyr. Sement önümleriniň hiliniň dünýä ölçeglerine kybap gelmegi milli ykdysadyýetimizi depginli ösdürmäge, ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklary öz wagtynda we talabalaýyk ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. «Lebap» sement zawodynyň 2-nji tapgyrynda 250-ä golaý işgäriň talaba laýyk zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredildi.
Dabaranyň dowamynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Thyssenkrupp Polysius GmbH» kompaniýasynyň enjamlary işe girizmek boýunça baş gözegçisi Mate Resetar çykyş edip, Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine «Lebap» sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň enjamlarynyň ýokary hilli, özboluşly aýratynlyklary baradaky laýyklyk güwänamasyny gowşurdy.
Desganyň işe girizilen gününde ýolugra Arkadagly Gahryman Serdarymyza zawodyň degişli desgalary we olaryň aýratynlyklary barada gürrüň berildi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň gurluşyk senagat toplumynyň kärhanalary tarapyndan öndürilýän dürli görnüşli önümleriň sergisi bilen hem tanyşdy. Soňra hormatly Prezidentimiz dolandyryş binasynyň ikinji gatyna bardy. Bu ýerde önümçiligi dolandyrmagyň merkezleşdirilen ulgamy ornaşdyrylypdyr. Onuň üsti bilen tehnologik işiň ähli tapgyrlary dolandyrylýar.
Pudagyň ösdürilmegine berýän yzygiderli ünsi üçin hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynyň ähli işgärleriniň adyndan çuňňur hoşallyk bildiren zawodyň hünärmeni «Lebap» sement zawodynyň ikinji tapgyryny işe girizmäge ak pata bermegini haýyş edip, döwlet Baştutanymyza ýüzlendi. Garaşylan pursat ýetip gelýär we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dolandyryş ulgamyndaky düwmäni basyp, iri senagat desgasynyň işine badalga berdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz binadan çykyp, sement zawodynyň direktoryna bu ýerdäki meýdançada hatara düzülen, täze önümçilikde işlediljek kuwwatly ýöriteleşdirilen tehnikalaryň açarlaryny gowşurdy.
«Lebap» sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň gurluşyk-senagat toplumynyň ösdürilmegine saldamly goşant bolar hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyklaryň depginini has-da artdyrmaga goşmaça itergi berer.