«Türkmeniň ruhy-ahlak mekdebi» Magtymguly Pyragynyň eserlerinde halkyň ýol-ýörelgeleri öz aýdyň beýanyny tapýar
2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň mejlisler jaýynda geçirilen «Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymguly Pyragynyň keşbi» atly döredijilik duşuşygy köp adamlylygy, şüweleňliligi, gyzykly, täze pikirlere baýlygy bilen köpleriň ünsüni özüne çekdi. Onda çykyş edenler hormatly Arkadagymyzyň Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap ýazan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy, şygyrda aýdylýan sagdyn pikirler, eseriň akgynlylygy, many-mazmuna baýlygy, düýpli beýan edilýänligi hakynda durup geçdiler. Bagtyýar halkymyza bahasyna ýetip bolmajak gymmatly serpaý bolan bu eseriň ildeşlerimiziň ýankitabyna öwrülendigi, olar üçin her bir işde gollanma bolup durýandygy, şonuň üçin Gahryman Arkadagymyzyň beýik Pyragyny wasp edip ýazan bu ajaýyp goşgusynyň ähli gazet-žurnallarda çap edilendigi, Milli Liderimiziň Magtymguly Pyraga hormat-sarpasynyň çäksizdigi sebäpli türkmen halkynyň milli Lideriniň baý many-mazmunly, gymmaty hiç haçan egsilmejek şygryýet äleminiň läheňi Magtymguly Pyragynyň döredijiligine Gahryman Arkadagymyzyň neneňsi belent hormat-sarpa goýýandygy barada hem çykyşlarda düýpli gürrüňler edildi.
Ähli şygyr äleminiň wepaly hyzmatkäri —
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy —
diýen şygyr setirlerini depesine täç edýän halkymyzyň ýurdumyzda şatlykly wakalara, dabaralara beslenýän häzirki günlerde, eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyç-tagallalary netijesinde Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler hem-de paýtagtymyzy ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli şekil taslamalary, beýik Pyragynyň çeper döredijiligine aýratyn gadyr goýýan alym Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň Magtymguly Pyragynyň öňde boljak şanly seneler barada, halkara derejesinde toýlanyljak toýlar hakynda çykyşlarda gyzykly gürrüňler berildi.
Beýik söz ussady hakynda belli türkolog, professor Ýewgeniý Bertels «Magtymguly türkmeniň poeziýasynda gymmatbaha daşlaryň biri bolup, ol biziň zamanamyzda, täze ýüzügiň gaşynda gözüňi gamaşdyryjy şöhlesi bilen lowurdaýar» diýen bolsa, professor Armeniý Wamberi «Gaty oňat söýülýän Magtymgulynyň aýdymlaryny özüniň iki tarly tamdyrasynyň sesine goşup aýtmagy türkmen üçin iň gowy hezillikdir. Hamana, edil keramatly ýaly görülýän Magtymguly türkmenleriň gökleň urugyndan bolup, segsen ýyl töweregi mundan öň aradan çykypdyr. Onuň biografiýasy bilen gatyşdyrylyp aýdylýan rowaýatlara garanda, ol Buharada, Hywada bolmadyk hem bolsa, dünýäniň ähli kitaplaryny, ylmyny gowy bilip, ajaýyp zatlar döredipdir, örän oňat goşgular düzüpdir. Onuň kitaby kurandan soň, türkmenleriň arasynda uzak wagtlap, ikinji orny eýelejekdir» diýip belleýär. Bu zatlar barada öz çykyşynda aýdan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory Nurýagdy Suhanowyň Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň döwür bilen baglanyşygy, ynsan kalbyna täsiri, Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde söz ussadynyň keşbiniň açylyp görkezilişi, hasam Garaşsyzlyk ýyllarynda Pyragynyň dünýäsine düýpli aralaşylandygy hakyndaky gürrüňleri uzak wagtlap el çarpylyp kabul edildi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň dosenti, ýuridiki ylymlaryň kandidaty Aşyrgeldi Jumaýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Täzegül Täçmämmedowa, «Türkmenistanyň senagaty» žurnalynyň redaktory Abdylhalyk Jumadow öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» kitabynyň «Ynanç hakynda söz», «Ýaradylyşyň kanuny», «Juda baý, juda gymmatly taryh», «Toý-baýramlar, ruhy kökler» atly bölümlerinden mysal getirip, olar barada Magtymguly Pyragynyň eserlerinde hem beýan edilýändigi hakynda aýtdylar we bu kitabyň külli ynsanyýete ýolgörkeziji bolup hyzmat edýändigi hakynda gürrüň berdiler.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly tutumlary netijesinde, bu gün bütin dünýäde Magtymgula bagyşlanyp çäreler geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maksatnamalaýyn özgertmelerinden badalga alan täze taryhy döwrümizde TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek hakynda çözgüt kabul edildi, Magtymgulynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Şeýle hem beýik akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramçylygyny ÝUNESKO-nyň şanly seneler sanawyna goşmak barada teklip goldanyldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik akyldaryň umumadamzat ähmiýetli taglymatlaryny, adamzady ýagşylyga ündeýän dana nesihatlarynyň dünýäde dabaralanmagy ugrunda alnyp barylýan täze öwüşginli işleriň beýany bolup durýar.
Halkyň hormatyny aňladýan heýkele öwrülip, Köpetdagyň etegindäki belentlikde örboýuna galan, beýik şahyryň waspy Gahryman Arkadagymyzyň şahyrana setirlerinde şeýle wasp edilýär:
Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymgulydyr,
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy.
Şeýle ussatlyk bilen akyldar şahyryň waspyny ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň galamynyň ýiti bolmagyny, täze-täze eserleriniň köp bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. Çeper döredijilige uly gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, abraý mertebeleri hemişe zyýada bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!