Arkadagly Serdaryň şanynda bedew

2024-nji ýylyň 28-nji aprelinde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewiniň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak hem-de wagyz etmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan işleri hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. 

Häzirki wagtda ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak, atşynaslyk ýörelgelerini wagyz etmek, baýlaşdyrmak boýunça işler täze derejelere çykarylýar. Täze döwrebap Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda döredilen ýokary okuw mekdebinde atçylyk pudagy üçin ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar. Akademiýa öňdebaryjy enjamlar, ýörite okuw serişdeleri we umumy, tejribe, amaly sapaklary geçmäge, ylmy-barlag işlerini alyp barmaga niýetlenen innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Arkadag şäherinde halkara ölçeglere laýyk gelýän Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi hem hereket edýär.

Ady rowaýata öwrülen bedewlere belent sarpa goýýan we olary wagyz edýän döwlet Baştutanymyz milli atçylyk sportunyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Muňa Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlaryna, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň işgärlerine, Arkadag şäheriniň atşynaslaryna “akylly” şäherde bina edilen döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan täze öýleriň açarlaryny gowşurmagy hem şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz döwrebap usullary peýdalanmak bilen, tohumçylyk işiniň ylmy esaslaryny giňeltmek, ýurdumyzda atly sportuň dürli görnüşlerini has-da ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça hünärmenleriň öňünde möhüm wezipeleri goýdy. Atşynaslyk ýörelgeleri asyrlarboýy nesilden-nesle geçirilip, häzirki wagtda halkymyzyň buýsanjyna öwrülen, onuň taryhy ykbalyny kesgitlän ajaýyp mirasyna aýawly çemeleşmegiň şöhratly ýoly dowam etdirilýär.

Türkmenistanda at çapyşyklary häzir hem uly meşhurlyga eýedir. At çapyşyklary, hakykatdan-da, türkmen halkynyň buýsanjy bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratynyň özboluşly senasyna öwrüldi. At çapyşyklary çapyksuwarlar üçin uly synagdyr. Ol çapyksuwardan dogumlylygy, ugurtapyjylygy, tutanýerliligi we elbetde, atlara bolan söýgini, olara düşünmek başarnygyny talap edýär.

Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň bu şatlykly gününde ýurdumyzda halkymyzyň milli buýsanjy bolan bedewleriň şanyna döwlet derejesinde uly toý tutulýar. Onuň esasy bezegi hem at çapyşyklarydyr.

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň uly ruhubelentlik bilen bellenilen şu gününde dürli aralyklara at çapyşyklarynyň jemi 7-si geçirildi we olara bedewleriň onlarçasy gatnaşyp, iň gowy netijeleri görkezdiler. Dürli aralyklara güýç synanyşan atlaryň arasynda pellehana ilkinji bolup gelen ýeňijilere ýurdumyzyň halk hojalygynyň toplumlarynyň baýraklary gowşuryldy. Şolaryň arasynda beýleki toplumlar bilen bir hatarda bäşinji çapyşyga ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň baýragynyň hem goýlandygyny bellemek ýakymlydyr.

Geçirilen çapyşyklaryň üçünjisinde, ýagny ýurdumyzyň söwda toplumynyň baýragyny almak ugrunda 1200 metr aralyga geçirilen bedewleriň çekeleşikli bäsleşiginde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli Dorsekil atly bedewiň Y. Allanazarowyň çapyksuwarlyk etmeginde ýeňiş gazanmagy, pudagyň zähmetsöýer işgärlerinde uly şatlyk we buýsanç duýgularyny döretdi. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy hem-de göçme kubogy ugrunda 1800 metr aralyga geçirilen jemleýji, ýedinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň çapyksuwar B.Agamyradow tarapyndan çapylan Bezirgen atly akýal mele aty ýeňiji boldy.  

Baýramçylyk çapyşyklarynyň dowamynda bagşy-sazandalaryň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Olaryň şöhratly geçmişimizi, häzirki döwrümiziň ägirt uly özgerişlerini wasp edýän aýdym-sazlary tomaşaçylara şatlyk paýlady.

Hemişe bolşy ýaly, şu gezekki at çapyşyklary hem örän gyzykly boldy. Bäsdeşlik ruhy, joşgunlylyk, ahalteke bedewleriniň ýyndamlygy, gözelligi ýaryşlara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Soňra baýramçylyk at çapyşyklarynyň, şeýle hem geçirilen uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginiň, bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiginiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy. Olara gymmat bahaly sowgatlar, uly möçberli pul baýraklary, diplomlar gowşuryldy. Mundan başga-da, jemleýji çapyşygyň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň göçme kubogy we uly möçberli pul baýragy gowşuryldy.

Çapyksuwarlar mynasyp bolan sylaglaryny kabul edip, milli atşynaslygy we atçylyk sportuny ösdürmek babatda yzygiderli aladasy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Olar atşynaslygyň şöhratly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmekde, bedewleriň ahalteke tohumyny giňden wagyz etmekde mundan beýläk-de tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Baýramçylyk güni Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirildi.