Guwandyryjy zähmet üstünlikleri
Şu ýylyň 12-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi we onuň dowamynda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi, alty aýyň dowamynda eziz Diýarymyzy ykdysady taýdan ösdürmek barada kabul edilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Geçirilen giňişleýin mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir beýleki ýolbaşçylaryň, welaýat häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.
Mejlisde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary gurluşyk we senagat toplumynda şu ýylyň ilkinji alty aýynda alnyp barlan işleriň jemi barada hasabat berdi. Mälim bolşy ýaly, hasabat döwründe toplum boýunça öndürilen önümleriň hem-de ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 112,7 göterime deň boldy. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň edara-kärhanalarynda öndürilen önümleriň hem-de ýerine ýetirilen işleriň möçberi 880 million manada barabar boldy. 6 aýyň dowamynda «Bäherden» sement zawodynda önümçilik meýilnamasy 106,6 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini hem 109,1 göterime hem-de «Lebap» sement zawodynda bu görkeziji degişlilikde 103,8 we 124,0 göterime barabar boldy. Gökdepe kän müdirliginde meýilnama 102,8 göterim ýerine ýetirildi hem-de 105,3 göterim ösüş depgini gazanyldy. Daşoguz şäheriniň «Demirbetonönümleri» zawodynda önümçilik meýilnamasyna 104,3 göterim derejede amal edildi we ösüş depgini 127,1 göterime barabar boldy. «Senagattaslama» taslama institutynda alnyp barylýan işleriň meýilnamasy 113,7 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini hem 114,8 göterime deň boldy. Ýaşlyk keramzit zawodynda meýilnama 105,6 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini hem 116,9 göterim derejede üpjün edildi. «Demir mehaniki» kärhanasynda meýilnama boýunça işler 102,6 göterim ýerine ýetirildi hem-de 102,8 göterim ösüş depgini gazanyldy. Zerger «Demirbetonönümleri» zawodynda işleriň meýilnamasy 100,8 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 104,5 göterime barabar boldy. Şeýle-de Türkmenabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 100,4 göterime, ösüş depgini hem 110,3 göterime deň boldy.
Geçen alty aýyň dowamynda ministrligiň sement zawodlarynda sementiň öndürilişiniň umumy ösüş depgini 106,8 göterime barabar boldy. Magdan däl gurluşyk materiallaryny öndürmegiň meýilnamasy 101,9 göterim ýerine ýetirilip, onuň ösüş depgini 103,8 göterime barabar boldy. Ministrligiň kärhanalarynda keramzitiň öndürilişiniň meýilnamasy 118,3 göterim ýerine ýetirilip, onuň ösüş depgini 116,2 göterime deň boldy. Gökdepe kän müdirliginde magdan däl gurluşyk materiallarynyň öndürilişi 102,3 göterim ýerine ýetirilip, onuň ösüş depgini 103,5 göterime, Balkan kän müdirliginde hem bu görkezijiler degişlilikde 104,0 göterime we 117,6 göterime deň boldy. Şeýle-de Daşoguz şäheriniň «Demirbetonönümleri» zawodynda gurnama demir-beton önümleriniň öndürilişiniň meýilnamasy 104,7 göterim ýerine ýetirilip, onuň ösüş depgini 111,7 göterime barabar boldy. «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda düz aýnany öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim ýerine ýetirilip, onuň ösüş depgini 107,9 göterime deň boldy. «Demir mehaniki» kärhanasynda bolsa demir gurnawlarynyň öndürilişi 103,2 göterim ýerine ýetirilip, onuň ösüş depgini 106,5 göterime barabar boldy.
Häzirki günde ministrligiň we garamagyndaky edara-kärhanalaryň agzybir işgärleri Türkmenistanyň Prezidentiniň maksatnamalaryny we kararlaryny, ministrligiň öňünde goýulýan wezipeleri ýerine ýetirmek, geljekde ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurt Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýuny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler.