«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi
Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly Karara gol çekmegi, şeýle hem bu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy şahyra goýulýan belent sarpadan nyşandyr. Eziz Watanymyzyň ähli ugurlarda rowaçlyklara beslenýän şu ýylynda beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem halkara derejesinde giňden bellenilýär.
Ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýat merkezlerinde, obadyr şäherçelerde, şäherlerde dana şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dürli çäreler, forumlar, maslahatlar, döredijilik bäsleşikleri, medeni-köpçülikleýin çäreler giň gerimde we dabaraly ýagdaýda geçirilýär.
Golaýda paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjeginde geçirilen, Köpetdagyň eteginde türkmeniň beýik ogly, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we nusgawy şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy, medeniýet ministrleri derejesinde geçirilen halkara maslahat, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat we beýlekiler muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde hem bu şanly senäni dabaraly bellemek boýunça 2024-nji ýylda geçiriljek çäreleriň meýilnamasy düzülip tassyklanyldy we şoňa laýyklykda döredijilik duşuşyklary, wagyz-nesihat çäreleri, maslahatlar, aýdym-sazly dabaralar guramaçylykly geçirildi we şeýle çäreleri guramak giňden dowam etdirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ministrligiň merkezi diwanynyň we garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärleri ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dürli çärelere, ilkinji gezek bagtyň şäheri bolan, döwrebap Arkadag şäherinde şu ýylyň 22-27-nji iýunynda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň dabaraly çärelerine işjeň gatnaşdylar.
Pudakda ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan işgärleri we ýaşlary höweslendirmek, olaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmek, täze üstünliklere ruhlandyrmak, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen, ministrligiň degişli buýrugyna laýyklykda, «Türkmenistanyň senagaty» žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy bilen bilelikde ulgamda zähmet çekýän işgärleriň arasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi we akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň belleniljek senesiniň öňüsyrasynda bu döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Döredijilik bäsleşigine Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hem-de olaryň edara-kärhanalarynda we guramalarynda zähmet çekýän işgärleriň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň işjeň gatnaşandyklaryny hem-de öz goşgularyny we makalalaryny hödürländiklerini bellemek gerek.
Döredijilik bäsleşiginiň eminler toparynyň çykaran kararyna laýyklykda, baş baýraga Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäheriniň «Demirbetonönümleri» zawodynyň ýuristi Keýikjemal Begmedowa mynasyp boldy. Bäsleşikde makala ýazmak ugry boýunça 1-nji orny şu ministrligiň «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň merkezi barlaghana we hil gözegçilik bölüminiň himiki derňew barlagçysy Gara Ahmedow, 2-nji orny Türkmenistanyň Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň «Türkmenýoltaslama» taslama institutynyň Esasy bölüminiň inženeri Gülnar Öwezdurdyýewa we 3-nji orny Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Diller kafedrasynyň mugallymy Gadam Akmyradow, şol institutyň talyby Yslam Toýmyradow eýelediler.
Bäsleşikde goşgy ýazmak ygry boýunça 1-nji orna Türkmenistanyň Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň baş hünärmeni Akga Gazakow, 2-nji orna Türkmenistayň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň Aspirantura bölüminiň baş hünärmeni Myrat Gurbanow we 3-nji orna Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk elektroulgamynyň elektromontýory Ýaraş Soltanmyradow mynasyp boldular.
Bäsleşige iberilen makalalardyr goşgularyň iň gowulary «Türkmenistanyň senagaty» žurnalynyň şu ýyldaky sanlarynda çap edildi.
Döredijilik bäsleşigine hödürlenen makalalarda we goşgularda Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hem baý edebi mirasy, öz ýurdunyň topragyny jany-teni bilen söýen, bu babatda ulus-ile görelde bolan beýik akyldarymyz, ajaýyp nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň milli we umumadamzat gymmaty, ýaş nesli watançylyk ruhunda hem-de ýokary ahlak gymmatlyklarynyň mysalynda terbiýelemek, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda durmuşa geçirýän giň gerimli işleri, şahyryň arzuw eden Garaşsyz döwleti we bagtyýar eýýamy, halkymyzyň agzybirligi hem jebisligi, gazanylýan ösüşler wasp edildi.
Bäsleşikde baş baýraga, makala we goşgy ýazmak ugurlary boýunça 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp bolanlara Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Hormat hatlary we gymmat bahaly baýraklary gowşuryldy.