Täsirli geçen wagyz-nesihat çäresi

2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň mejlisler jaýynda şu ministrligiň «Türkmenistanyň senagaty» žurnalynyň redaksiýasynyň we Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň bilelikde guramagynda uly ähmiýetli çäre bolan 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk işleri we onuň ähmiýeti barada «Halk Maslahaty – demokratik ýörelgeleriň dabaralanmasy» hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragy – ylham çeşmesi» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň merkezi diwanynyň we garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşyň ähli ugurlarynda giň özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar, täze ösüşlere badalga berilýär. 

Mälim bolşy ýaly hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 12-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Şu mejlisde-de geçen ýarym ýylda gazanylan görkezijilere jikme-jik seljerme berlip, öňde durýan wajyp wezipeler kesgitlenildi. Mejlisde hormatly Prezidentimiz Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde gözel paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini aýdyp, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyndaky bu taryhy waka häzirden ykjam taýýarlyk görülmelidigini nygtady. 

Şunuň bilen baglylykda üstümizdäki ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň karary kabul edildi hem-de şu ýylyň 24-nji sentýabrynda bu umumymilli forumy guramaçylykly geçirmek bilen bagly möhüm wezipeler kesgitlenildi. 

Wagyz-nesihat çäresinde çykyş eden Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkeziniň lukmany, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, Aşgabat şäher Halk Maslahatynyň başlygy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy G. Ataýew, Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor A. Burunow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy R.Rahmanow öz çykyşlarynd häzirki wagtda kalplarda buýsançly seslenme döreden halk bähbitli, ýurt ähmiýetli bu waka mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, Arkadag we Aşgabat şäherlerinde jemgyýetçilik çäreleriniň yzygiderli geçirilýändigini belläp, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýetilen sepgitleri, öňde duran wezipeleri halkyň wekilleri bilen ara alyp maslahatlaşmagyň we oňyn netijelere gönükdirilen çözgütleri kabul etmegiň häzirki gün asylly däbe öwrülendigi, şunda Türkmenistanda amala aşyrylýan ulgamlaýyn işleriň binýadynda Konstitusiýanyň, milli kanunçylyk ulgamynyň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň durýandygyny aýtdylar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri berkitmekden, döwletimiziň hukuk esaslaryny dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmekden, jemgyýetde demokratik däpleri pugtalandyrmakdan hem-de halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmekden ybaratdyr. Bular boýunça öňde durýan möhüm meseleleri maslahatlaşyp, olary üstünlikli çözmekde, wezipeleri anyk kesgitlemekde Halk Maslahatynyň aýratyn uly ähmiýeti bar. 

Guramaçylykly geçirilen «Magtymguly Pyragy – ylham çeşmesi» atly wagyz-nesihat çäresinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory N. Subhanow, «Türkmenistanyň senagaty» žurnalynyň redaksiýasy bölüminiň başlygy A. Džumatow çykyş edip, döredijiligi Jemşidiň jamyna deňelýän Magtymguly Pyragy milletimiziň buýsanjydyr, onuň umman ýaly giň döredijiligi halkymyzyň ruhy baýlygydyr, bütin adamzadyň gymmatly hazynasydyr. Çünki beýik akyldaryň döredijiligi bütin adamzady agzybirlige, jebislige, ynsanperwerlige çagyrýar diýip bellediler.      

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen, beýik akyldaryň özbaşdak döwlet gurmak, halkymyzyň asuda we abadan durmuşy baradaky arzuwlary hasyl boldy. Soňky ýyllarda şahyryň döredijilik mirasyny dünýäde giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda we halkara derejesinde giňden bellenilýär. 

Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ägirt heýkeliniň gurulmagy we nusgawy şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy beýik şahyra uly sarpa goýulýandygyny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Türki medeniýetiniň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Magtymgulynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy, nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Çäräniň barşynda döredijilik duşuşygyna gatnaşanlar çykyş edenlere özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlenip, degerli jogaplary aldylar hem-de wagyz-nesihat çäresiniň guramaçylykly we täsirli geçendigini bellediler.