Halk Maslahaty – demokratik ýörelgeleriň dabaralanmasy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda giň özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar, täze ösüşlere badalga berilýär.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 12-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Şu mejlisde-de geçen ýarym ýylda gazanylan görkezijilere jikme-jik seljerme berlip, öňde durýan wajyp wezipeler kesgitlenildi.
Mejlisde hormatly Prezidentimiz Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde gözel paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini aýdyp, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyndaky bu taryhy waka häzirden ykjam taýýarlyk görülmelidigini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda üstümizdäki ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary kabul edildi hem-de şu ýylyň 24-nji sentýabrynda bu umumymilli forumy guramaçylykly geçirmek bilen bagly möhüm wezipeler kesgitlenildi.
Häzirki wagtda kalplarda buýsançly seslenme döreden halk bähbitli, ýurt ähmiýetli bu waka mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, Arkadag we Aşgabat şäherlerinde jemgyýetçilik çäreleri yzygiderli geçirilýär, umumymilli foruma taýýarlyk görmek boýunça işler ýaýbaňlandyrylýar. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýetilen sepgitleri, öňde duran wezipeleri halkyň wekilleri bilen ara alyp maslahatlaşmak we oňyn netijelere gönükdirilen çözgütleri kabul etmek häzirki döwürde asylly däbe öwrüldi. Şunda Türkmenistanda amala aşyrylýan ulgamlaýyn işleriň binýadynda Konstitusiýa, milli kanunçylyk ulgamy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalary durýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty 2023-nji ýylda döredilip, ol halkyň bähbitlerini araýan ýokary wekilçilikli edaradyr. Halk Maslahatynyň baş maksady Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri berkitmekden, döwletimiziň hukuk esaslaryny dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmekden, jemgyýetde demokratik däpleri pugtalandyrmakdan hem-de halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmekden ybaratdyr. Bular boýunça öňde durýan möhüm meseleleri maslahatlaşyp, olary üstünlikli çözmekde, wezipeleri anyk kesgitlemekde Halk Maslahatynyň aýratyn uly ähmiýeti bar.
Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi jemgyýetçilik we döwlet durmuşynda möhüm waka bolup, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, daşary syýasy abraýyny pugtalandyrmakda, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakda geljekki tutumly işlere badalga bolar.