Hazar deňziniň gününe bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi
2024-nji ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň gününe bagyşlanan «Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, Hazar deňziniň gününi bellemek hakyndaky çözgüt 2007-nji ýylyň maýynda Baku şäherinde geçirilen Tähran Konwensiýasynyň birinji maslahatynda Hazarýaka ýurtlar (Russiýa Federasiýasy, Azerbaýjan Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy, Gazagystan Respublikasy we Türkmenistan) tarapyndan kabul edildi. 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýa güýje girdi. Tähran Konwensiýasy Hazaryň deňiz gurşawyny aýawly saklamaga, dikeltmäge we gorap saklamaga gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň işjeň gatnaşyjysy bolup, ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde durnukly ösüşiň üpjün edilmegine, Hazaryň deňiz gurşawynyň goralmagyna gönükdirilen oňyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmak ugrunda çykyş edýär.
Baýramçylygyň çäklerinde ylmy-amaly maslahat, sergi, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. «Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahata Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri, halkara we sebitara guramalaryň hünärmenleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ylmy-amaly maslahatyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu möhüm çärä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.
Maslahatyň gün tertibine Hazarýaka ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň ykdysady, durmuş, ekologik meseleleriň birnäçesiniň çözgüdini özünde jemleýän durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bagly möhüm meseleler girizildi.
Çykyş edenler häzirki günde sebitde howpsuzlyk, ykdysadyýet, ekologiýa we tebigy serişdelerden peýdalanmak ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny öz içine alýan şertnama-hukuk binýadynyň kemala gelendigini nygtadylar. Olar Hazar deňziniň meseleleri boýunça netijeli hyzmatdaşlygy alyp barmagyň täze görnüşlerini işläp taýýarlamakda we amala aşyrmakda Türkmenistanyň aýratyn orun eýeleýändigini bellediler.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda bildirilen myhmansöýerlik we şu gezekki çäräniň guramaçylygynyň ýokary derejesi, forumy geçirmek üçin döredilen ajaýyp şertler, tebigaty goramak çärelerine berilýän üns, tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyny, Hazaryň daşky gurşawynyň netijeli goralmagyny üpjün etmek ugrunda ekologik maksatly wajyp taslamalaryň durmuşa geçirilýändigi üçin hoşallyk beýan edilýär.