Garaşsyzlyk — halkyň göterilen ykbaly

Şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň yglan edilmegine 33 ýyl bolýar. Döwletimiz Garaşsyzlygyny alandan soňra ata-babalarymyzyň ýoluna eýerip, halk häkimiýetiniň özboluşly nusgasyny saýlap aldy. Ol dünýä tejribesiniň gazananlaryny, milli däpleri we aýratynlyklary özünde jemledi. Köpasyrlyk taryhyň çeşmelerine, hukuk tejribesine esaslanyp, Türkmenistan adamzat paýhasynyň, şeýle-de dünýä siwilizasiýasynyň ösüşinde döwleti dolandyrmagyň syýasy-hukuk binýadyny döretdi. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ägirt uly rowaçlyklara beslenen ýyly bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 27-nji sentýabrynda agzybir halkymyz bir supranyň başyna jem bolup, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygyny ýokary ruhubelentlik we buýsanç bilen giňden bellär. Garaşsyzlyk – halkymyzyň milli buýsanjydyr. Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr. Garaşsyzlyk – halkyň ykbaly. Ol halkyň geljegini kesgitledi. 

Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary we taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bitirilen işler juda köp. Özgertmeler, ösüşler durmuşymyzyň ähli ugurlaryny gurşap aldy, ýurdumyz tanalmaz derejede özgerdi. Türkmen döwleti öz oýlanyşykly syýasaty bilen dünýä üçin ösüş, hyzmatdaşlyk, dostluk, abadançylyk ýollaryny açdy, syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda uly ösüşleri gazandy. Munuň şeýledigini milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda ýetilen belent sepgitler hem aýdyň görkezýär.  

Döwletimiziň taryhynyň şöhratly sahypalary Garaşsyzlyk döwrüne degişlidir. Eziz Watanymyzyň ykbalyndaky täze taryhy eýýamda  ýurdumyzyň halk hojalygynyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, senagat we gurluşyk önümçiligi ulgamy hem bedew bady bilen ösýär. Bu döwürde pudakda gurluşyk materiallaryny öndürýän iri kärhanalaryň köp sanlysy gurlup, ulanylmaga berildi, öňden bar bolanlarynyň durky täzelenildi we häzirki zaman enjamlary bilen abzallaşdyryldy.

Diňe şu ýylda hersiniň ýyllyk kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna semente deň bolan «Bäherden» we «Lebap» sement zawodlarynyň ikinji tapgyrlary açylyp ulanmaga berildi. Şeýle hem ýakyn wagtda ýylda 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 müň sany sanfaýans önümlerini öndürmäge niýetlenen zawodyň gurluşygyny doly tamamlap, ulanyşa girizmek meýilleşdirilýär. 

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa senagat we gurluşyk önümlerini öndürmek, bilelikdäki senagat kärhanalaryny döretmek, ýurdumyza daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary öz döwletimizde öndürmek, eksport ugurly önümleriň önümçiligini ýola goýmak, olaryň görnüşlerini we möçberlerini köpeltmek boýunça işler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu durmuşa geçirilýän işleriň ählisi ýurdumyzyň senagat pudagyny has-da ösdürmäge hem-de ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, Diýarymyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklary hem-de ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.  

 Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň agzybir we zähmetsöýer işgärleriniň yhlasly zähmet çekip, uly dabaralara beslenip gelýän baş baýramymyzy – Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýuny uly zähmet üstünlikleri bilen garşy aljakdyklaryna ynanýarys.