Garaşsyzlygyň 33 ýyllygynyň ykdysady üstünlikleri

2024-nji ýylyň 19-21-nji sentýabrynda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli eziz Diýarymyzyň ykdysady gazananlarynyň giňişleýin sergisi guraldy. Köpugurly gözden geçiriliş «Garagum» myhmanhanasynyň arkasynda guralan sergi meýdançasynda ýaýbaňlandyryldy. Bu sergide guralan gözden geçirilişde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň edara-kärhanalarynyň çykarýan döwrebap gurluşyk önümleri hem özleriniň hyrydar söýüjilikliligi bilen hemmeleriň ünsüni özüne çekdi. 

«Bäherden», «Balkan», «Lebap» sement zawodlarynyň önümleri bolan portlandsement hem-de köpri we beýleki gidrotehniki desgalaryň gurluşygy üçin zerur bolan sulfata durnukly sement önümleri gurluşyklarda giňden ulanylýar. Sement zawodlarynda  öndürilýän TDS 751-2015, TDS 752-2015, TDS 753-2015, TDS 862-2016 döwlet standartlaryna laýyk gelýän PS 500 G0-K, PS 400-G0-K, SDPS 400-G20-K, PST-1(51-100)С markaly portlandsement önümleri hem ýurdumyzda gurluşyklary giňden alnyp barylýan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda, Aşgabat şäherinde, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda alnyp barylýan gurluşyklar üçin diýseň derwaýyslygy bilen tapawutlanýar.

Şeýle hem sergide Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň float usulynda öndürilýän dury aýnasynyň 4 millimetr galyňlykdaky görnüşine we taplanan aýna, örtükli, düz, laminirlenen aýnalara, aýna paketlerine, dürli ölçegdäki çüýşe gaplara isleg diýseň uly boldy. 

Mundan başga-da geljekde önümçiligi ýola goýulmagy meýilleşdirilýän gün panelleri, bazalt süýüminden ýasalan armatura we ses hem ýylylyk saklaýjy materiallar sergilenildi hem sergä gatnaşyjylar tarapyndan bu önümlere uly gyzyklanma bildirildi.

Mi­nistr­li­giň ga­ra­ma­gyn­da­ky se­na­gat kär­ha­na­la­ryn­da öndürilýän gur­lu­şyk ma­te­ri­al­la­ry bo­lan se­mende, mag­dan däl ma­te­ri­al­lara, me­tal önüm­le­rine,  di­war ma­te­ri­al­la­ryna, gur­na­ma de­mir­be­ton we iri pa­nel­li jaý gur­lu­şyk önüm­le­rine, ke­ram­zit, kao­lin, gips we ma­şyn­gur­lu­şyk önüm­le­rine bu ugurdan iş alyp barýan hünärmenler tarapyndan diýseň uly isleg bildirilendigi aýratyn bellärliklidir.

Mi­nistr­li­giň önüm­çi­lik dü­zü­minde hereket edýän Gökdepe, Kaka, Balkan, Köýtendag kän müdirliklerinden, Bereket, Galaýmor kän hojalyklaryndan, «Türk­men­de­mi­rö­nüm­le­ri», «Nebitmaş» döw­let kär­ha­na­laryn­dan, Aşgabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanalasyndan, Ýaşlyk keramzit zawodyndan, Gazbeton öndürýän we «Polimer önümleri» zawodlaryndan, «Türk­men­mer­mer» ýa­pyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­tin­den we beýleki edara-kärhanalardan sergä çykarylan önümler ýokary hilliligi, döwrebaplygy, hyrydar söýerliklidigi bilen hemmeleriň ünsüni özüne çekdi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilen ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň bu sergisi  hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, pudaklara öňdebaryjy innowasiýalary ornaşdyrmak, ýerli önümlerimiziň hasabyna daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň mukdaryny azaltmak we eksporty artdyrmak ýaly strategik wezipeleri özünde jemleýän ykdysady syýasatynyň barha rowaçlanýandygyny görkezdi.